Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet tapgyr ikinji gün wirus näsaglaryny ýüze çykarmak rekordyny goýdy


Sankt-Peterburg, COVID-19-dan ölen saglyk işgärleriniň hatyrasyna gül goýýan adam. 1-nji maý, 2020.
Sankt-Peterburg, COVID-19-dan ölen saglyk işgärleriniň hatyrasyna gül goýýan adam. 1-nji maý, 2020.

Orsýet 3-nji maýda 10,600-den gowrak täze koronawirus näsagyny hasaba aldy we giňeldilen synaglaryň dowamynda bir günlük täze rekord goýdy.

Häkimiýetleriň tassyklamagyna görä, täze 10,633 näsagyň hasaba alynmagy ýurtdaky koronawirus näsaglarynyň umumy sanyny 134,687 adama çenli ýokarlandyrdy we Orsýet indi bu görkeziji boýunça dünýäde ýedinji orunda durýar.

Bu wirus näsaglarynyň rekord derejede ýüze çykarylmagynyň tapgyr ikinji güni, 2-nji maýda 9,623 näsag hasaba alyndy.

Orsýet häzir täze wirus näsaglarynyň iň kän hasaba alnan ýewropa ýurdy bolup durýar. Emma Orsýetdäki resmi ölüm görkezijileri Italiýa, Ispaniýa we ABŞ ýaly ýurtlar bilen deňeşdirilende pes.

Resmi maglumatlara görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Orsýetde koronawirusdan elli sekiz adam öldi, umumy ölenleriň sany 1280-e ýetdi.

Şeýle-de Orsýetde 15 müňden gowrak adam wirusdan gutuldy. Wirus ýokaşanlaryň arasynda premýer-ministr Mihail Mişustin hem bar, ol 30-njy aprelde koronawirus synagynyň oňyn çykandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG