Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ COVID-19 waksinasyna ýylyň aýagynda eýe bolar diýýär


illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp saglyk resmileriniň howpsuz waksinany işläp döretmek we ýeterlik mukdarda öndürilmek üçin azyndan bir ýylyň gerekdigini aýtmagyna garamazdan, öz ýurdunyň koronawirus waksinasyna "ýylyň aýagyna çenli" eýe boljagyna ynanýandygyny aýtdy.

Şu ýyl prezidentlik wezipesine gaýtadan saýlanmakçy bolýan Tramp dünýäniň iň uly ykdysadyýetini açmak boýunça plany işläp düzmekçi bolýar. Koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmelerden işsizlik ýaýbaňlanýar we ykdysadyýet ösüşden galýar.

ABŞ-da COVID-19 bilen kesellän 1,1 million adamy hasaba aldy. Bu san dünýäde kesellänleriň üçden iki bölegini emele getirýär. ABŞ-da 67 müň adam keselden ýogaldy.

Dünýäde ýüzlerçe kompaniýa we ylmy edara koronawirusa garşy waksinany we bejergini tapmaga howlukýar. Saglyk bilermenleri durmuşyň kadaly tertibe dolanyp gelmegi, şol sanda sosial distansiýany saklamak ýaly çäklendirmeleri aradan aýyrmak üçin waksinanyň bolmagynyň zerurdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG