Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

UNICEF 2019-njy ýylda 19 million çaganyň içerki göçe-göçlüge sezewar bolandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (UNICEF) 2019-njy ýylda konflikt we ýowuzlyk sebäpli jemi 46 million adamyň öz ýurtlarynda bir ýerden başga ýere göçmeli bolandygyny we olardan takmynan 19 million sanysynyň çagalardygyny aýdýar. Bu häzire çenli hasaba alnan iň ýokary görkezijidir.

5-nji maýda ýaýradylan "Lost at Home" atly hasabatda UNICEF öz ýurtlarynda içerki göçe-göçlüge sezewar bolan adamlaryň sanynda ep-esli artyşyň bolandygyna ünsi çekip, bu görkezijiniň mundan on ýyl ozal 25 milliona barabardygyny we soňky bäş ýylda 46 milliona ýetendigini aýtdy.

Geçen ýyl öz ýaşaýan ýerinden başga ýere göçürilenleriň 40%-den gowragy 18 ýaşyna ýetmedik çagalar diýlip, hasabatda bellenilýär.

UNICEF şu ýyl koronawirus global pandemiýasynyň göçürilen çagalar we maşgalalar üçin has agyr ýagdaýy döredýändigini hem aýtdy.

“Dünýäde göçürilen çagalaryň millionlarçasy eýýäm degişli idegsiz we goragsyz ýaşaýar. COVID-19 pandemiýasy ýaly täze krizisler ýüze çykanda, bu çagalar has-da ejizleýär” diýip, UNICEF-iň ýerine ýetiriji direktory Henrietta Fore aýtdy.

Hasabatda öz ýurtlarynda içerki göçe-göçlüge sezewar bolan çagalaryň zorluk, ekspluatasiýa, sütem, adam söwdasy, çaga zähmeti, çaga nikasy we maşgalanyň aýrylyşmagy ýaly töwekgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy hem bellenilýär.

UNICEF çagalary töwekgelçiliklerden we kynçylyklardan goramak üçin gyssagly çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG