Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“The New York Times” Putin baradaky habarlary üçin Pulitzer baýragyna eýe boldy


“The New York Times” neşiri eminler tarapyndan Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň hökümeti barada “gaty töwekgelçilikli habar berlen haýran galdyryjy hekaýalar” diýlip atlandyrylan maglumatlary üçin Pulitzer baýragynyň halkara hasabat kategoriýasynda ýeňiji boldy.

Ilkibada 20-nji aprelde geçirilmegi meýilleşdirilen Pulitzer dabarasy, koronawirus pandemiýasy barada maglumat taýýarlamak bilen meşgullanýan Pulitzer Geňeşiniň agzalaryna has köp wagt bermek üçin yza süýşürilipdi.

Pulitzer baýrak geňeşiniň dolandyryjysy Dana Canedy 4-nji maýda ýeňijileri Nýu-Yorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde geçirilen dabarada däl-de, YouTube saýty arkaly göni ýaýlymda, özüniň myhman jaýyndan yglan etdi.

Žurnalistika boýunça Pulitzer baýraklary ilkinji gezek 1917-nji ýylda paýlanypdy. Baýrak bu ugurda ABŞ-nyň iň abraýly sylagy hasaplanýar.

Russiýanyň Waşingtondaky ilçihanasy baýrak geňeşiniň kararyny tankytlap, 5-nji maýda özüniň Facebook sahypasynda makalalaryň "rusofob toslamalardygyny” we onuň gazetiň abraýyna zyýan ýetirýändigini ýazdy.

“Biz “The New York Times” gazetiniň Russiýa baradaky makalalarynyň bu tapgyryny ýalan faktlary döretmek boýunça görkezme hökmünde öwrenilip bilinjek Russofobik toslamalaryň ajaýyp ýygyndysy hasaplaýarys” diýlip, rus ilçihanasy belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG