Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ koronawirus bilen bagly ölüm derejesiniň ýiti ýokarlanjakdygyny çaklaýar


ABŞ-da Detroit şäherinde saglyk işgäri näsagy saglyk barlagyndan geçirýär.
ABŞ-da Detroit şäherinde saglyk işgäri näsagy saglyk barlagyndan geçirýär.

Dünýäde koronawirus pandemiýasyndan ölenleriň sany 250 müň adamdan geçen mahaly, wirus ýokuşanlaryň sany 3,5 milliondan aşdy. Birleşen Ştatlaryň hökümeti ölüm derejesiniň ýiti ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Dünýä liderleri wirusa garşy sanjymy tapmaga gönükdirilen barlaglar üçin $8,1 milliard maliýe serişdesini wada berýär.

ABŞ-nyň Waşington uniwersitetiniň Saglyk ölçegleri we baha beriş institutynyň (IHME) aladaly çaklamasy, Günbatar Ýewropanyň aglaba böleginiň ençeme hepdeläp dowam eden çäklendirmeleri gowşadan mahalyna gabat geldi.

Iki aýa golaý petiklemelerden soňra koronawirusdan iň köp zyýan çeken ýewropa ýurtlarynda ölüm derejesiniň azalmagy bilen, pandemiýanyň Ýewropa kontinentinde iň ýokary derejesine ýeten bolmagynyň ähtimaldygy barada umytlar döredi.

Maglumatlary Ak tam tarapyndan ulanylýan institutyň täzeden gözden geçirilen çaklamasynda awgust aýynyň başyna çenli Birleşen Ştatlarda wirus sebäpli takmynan 135000 adamyň öljekdigi çaklanylýar.

Bu görkeziji institutyň 17-nji aprelde ýaýradan ozalky çaklamasyndan takmynan iki esse köp. Bu çaklamalar ABŞ-nyň ştatlarynyň köpüsinde petikleme we sosial aralyklary saklamak çäreleri gowşadylýan mahalyna gabat geldi.

Bu aralykda, 4-nji maýda dünýä liderleri onlaýn konferensiýa geçirip, wirusa garşy sanjym tapmaga gönükdirilen barlaglar üçin 8,1 milliard dollar töweregi maliýe serişdesini aýyrjakdyklaryny wada berdiler.

XS
SM
MD
LG