Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gyrgyz indigo” topary LGBT adamlarynyň Türkmenistandaky durmuşy barada hasabat çap etdi


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Gyrgyzystanda LGBT jemgyýetlerini goldap çykyş edýän hökümete degişli bolmadyk gurama anyk adam ykballarynyň mysalynda, Türkmenistandaky LGBT wekilleriniň duçar bolýan meseleleri barada hasabat çap etdi. Bu barada “Fergana” neşiri 4-nji maýda habar berdi.

“Gyrgyz indigo” toparynyň bu mesele boýunça Türkmenistanda geçiren pikir soraşygyna öňünden gatnaşmagy meýilleşdirilen 40 adamdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli, diňe 9 adam gatnaşypdyr.

“Ýöne 9 adamyň beren gürrüňleri LGBT adamlarynyň dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birinde nähili ýaşaýandyklaryna düşünmek üçin ýeterlikdi” diýip, “Fergana” ýazýar.

Toparyň gözlegçisi Türkmenistandaky ýagdaýlary öwrenmek babatynda gelen netijeleriniň sebäplerini neşire gürrüň berdi.

Ol sebitdäki beýleki ýurtlaryň Türkmenistandan başga ählisindäki hyzmatdaşlary bilen ýakyn gatnaşyk saklanýandyklaryny, ýöne özlerinde Türkmenistan barada maglumatyň ýokdugyny gürrüň berdi:

“Biz ýagdaýy üýtgetmek kararyna geldik, ýöne olar [LGBT adamlary] barada biziň berýän gürrüňlerimiz däl-de, olaryň özleri barada berýän öz gürrüňleri biziň üçin wajypdy” diýip, ol aýtdy.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady aýdylmaýan gözlegçi sosiolog şondan soň, işe girişýär we belli-belli tanyşlyk saýtlarynyň üsti bilen Türkmenistandaky LGBT adamlary bilen aragatnaşyga geçmäge synanyşýar. Üç aýa çeken synanyşykdan soň, onuň barlagyna ýardam bermek isleýän bir adam peýda bolýar we şonuň üsti bilen Türkmenistanda LGBT wekilleriniň durmuşy barada pikir soraşyk geçirýär.

Pikir soraşykda dördüsi aýal, bäşisi erkek adamdan ybarat topar Türkmenistanda LGBT durmuşyna degişli meseleler barada maglumat berýär.

Hasabatda Türkmenistandaky LGBT wekilleriniň jenaýat yzarlamalary sebäpli, gizlenip ýaşamaly bolýandyklary, şeýle-de üsti açylan halatynda olaryň ýurduň edaralary tarapyndan ýanamalara sezewar edilýändigi we kanun goraýjylaryň berk gözegçiligi astynda saklanýandygy bellenilýär.

35 ýaşly Myrat (ady üýtgedilen) atly pikir soraşyga gatnaşyjynyň sözlerine görä, soňky döwür Türkmenistanda LGBT wekilleri duýdansyz ýagdaýda ýitirim bolup başlapdyrlar, 2019-njy ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda diňe Aşgabadyň özünde azyndan 20 ýigit tussag edilipdir.

Olaryň nirede saklanýandygy diňe tussaglaryň ene-atalaryna aýdylýar. Eger-de ene-ata çagasynyň jynsy ugruny bilip, ondan ýüz öwürse, onda tussagyň ykbaly barada maglumat hem kesilýär diýip, “Gyrgyz indigo” toparynyň hasabatynda aýdylýar.

Pikir soraşyga gatnaşan 41 ýaşly Daňatar (ady üýtgedilen), 2012-nji ýyldan bäri ýurtda LGBT adamlarynyň has güýçli basyşa sezewar bolup başlandyklaryny, olaryň öýlerde we iş ýerlerinde tussag edilip başlanandyklaryny, özüniň bolsa “Beçebazlyk” aýyplamasy bilen gozgalan sud işinden 9,000 dollar para bilen gutulandygyny gürrüň berdi.

Maglumata görä, türkmen polisiýasy geýleri adaty düzgün boýunça “awlaýarlar”. Olary saýtyň ýa-da telefon üsti bilen duşuşyga çagyryp tutýarlar. Ýöne adatça jenaýat işini açman, ondan pul gazanyp başlaýarlar hem täze adamlary tutmak üçin, ony girewde saklaýarlar. Adatça polisiýanyň eline düşen geýleri ýalan haýbat bilen şantaž edip, onuň puluny iýýärler.

Türkmenistan gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýar, ýurduň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy “Beçebazlyk” boýunça iki ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistandaky LGBT jemgyýetiniň wekilleri barada wagtal-wagtal diňe garaşsyz habar serişdelerde maglumat berilýär.

Geçen ýylyň oktýabrynda Azatlyk Radiosy LGBT jemgyýetiniň wekillerinden aşgabatly wraç-kardiolog Kasymberdi Garaýewiň duçar bolan yzarlamalary barada, apreliň başynda Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy WIÇ infeksiýasy bilen kesellän 23 ýaşly Maksat (ady üýtgedilen) atly gomoseksual ýigidiň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary hakynda, turkmen.news neşiri martyň ikinji ýarymynda şeýle aýyplamalar bilen Aşgabatda tussag edilen belli şoumen barada habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG