Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FH Ýewropadaky we Ýewraziýadaky “demokratik çökgünlik” barada duýdurýar


"Azatlyk öýüniň" prezidenti Maýkl Abramowitz saglyk krizisinden soňky ýagdaýyň hasam çataklaşyp biljekdigini ýa-da demokratiýanyň gaýtadan dikeldiljekdigini aýtdy.
"Azatlyk öýüniň" prezidenti Maýkl Abramowitz saglyk krizisinden soňky ýagdaýyň hasam çataklaşyp biljekdigini ýa-da demokratiýanyň gaýtadan dikeldiljekdigini aýtdy.

"Freedom House", ýagny "Azatlyk öýüniň", Birleşen Ştatlardan dünýädäki demokratiýa gözegçilik edýän guramanyň täze hasabatynda Merkezi Ýewropada, Balkanlarda we Ýewraziýada "haýran galdyryjy demokratik çökgünligiň" emele gelendigi, sebäbi sebitdäki liderleriň köpüsiniň öz hökmürowanlygynyň öňünde galan soňky päsgelçilikleri hem ýok etmäge synanyşýandygy duýdurylýar.

"Merkezi we Gündogar Ýewropada hatda demokratiýanyň düzgünleri esasynda hereket eden bolmagyny goýan liderleriň hem sany köpelýär, olar demokratik guramalara garşy aç-açan hüjüme geçip, şahsy azatlyklary çäklendirmek tagallasyny edýärler" diýip, guramanyň 6-njy maýda "Geçiş döwletleri" ady bilen çap edilen ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda dowam edýän koronawirus pandemiýasynyň demokratik guramalara edilýän hüjümleri has-da batlandyryp biljekdigi bellenýär, emma "Azatlyk öýüniň" prezidenti Maýkl Abramowitz saglyk krizisinden soňky ýagdaýyň hasam çataklaşyp biljekdigini ýa-da demokratiýanyň gaýtadan dikeldiljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG