Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda ilkinji koronawirus hassalary mälim edilenden soň, saglyk ministri wezipesinden boşadyldy


Täjigistanyň täze saglyk ministri Jamoliddin Abdullozoda (çepde) we ozalky saglyk ministri Nazim Olimzoda

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, ýurtda koronawirusa ýolugan ilkinji adamlaryň hasaba alnandygy yglan edileninden bäş gün soňra, saglyk ministrini täzeledi.

Rahmon 5-nji maýda çykyş edip, Nazim Olimzodanyň “başga işe geçirilendigini”, onuň ýerine, täze saglyk ministri hökmünde hem Jamoliddin Abdullozodanyň bellenendigini mälim etdi. Prezident bu baradaky kararlaryň kanunçykaryjylaryň garamagyna ýollanandygyny hem sözüne goşdy.

2017-nji ýylyň ýanwaryndan bäri saglyk ministri bolup oturan Olimzodanyň näme sebäpden wezipesinden boşadylandygy anyk belli däl.

54 ýaşly lukman Abdullozoda 2017-nji ýylyň martyndan bäri Duşenbäniň Istiklol saglyk merkeziniň başlygy bolup işläpdi.

5-nji maýda Saglyk ministrligi ýurtda koronawirusa 293 adamyň ýolugandygyny we ondan bäş adamyň ölendigini aýtdy.

Täjigistan Bütindünýä Saglyk Guramasynyň missiýasynyň öňüsyrasynda ýurtda ilkinji koronawirus ýagdaýlarynyň ýüze çykarylandygyny habar beripdi. Mundan öň, bäş aýyň dowamynda täjik resmileri ýurtda koronawirus bilen bagly ýeke-ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny aýdyp gelipdiler.

XS
SM
MD
LG