Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy rus agentini saklandygyny aýdýar


Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy (SBU) Russiýanyň adyndan “döwrebap raketa ulgamy” barada maglumat ýygnamakda aýyplanýan “içalyny” saklandygyny aýdýar.

Ukrain howpsuzlyk gullugy öz beýanatynda ýurduň gündogar sebitindäki Lugansk regionynyň ýaşaýjysynyň 6-njy maýda Ukrainanyň ulgamy bilen baglanyşykly “gizlin tehniki resminamalary” Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugyna geçirjek bolanda saklanandygyny aýtdy.

Dönüklikde aýyplanýan tussag ukrain harby işgärlerine gizlin maglumatlaryň öwezine nagt pul wada beripdir.

2014-nji ýylyň martynda Russiýa Gara deňizdäki Krym ukrain ýarym adasyny basyp alandan soň, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşdy.

Şeýle-de, Moskwa Ukrainanyň gündogar sebitlerinde ýerleşýän Lugansk we Donetsk regionlarynda tolgunyşyk döretdi we separatistleri goldady. Ol ýerde 2014-nji ýylyň aprelinden bäri bolup geçen çaknyşyklarda 13,200 adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG