Gazagystan şu ýyl, koronawirus epidemiýasy sebäpli, watan goragçylarynyň gününi däp bolan harby parady gurnamazdan belledi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew 7-nji maýda merkezi aziýa ýurduny 1992-nji ýylda Gazagystanyň ýaragly güýçleriniň döredilen güni bilen gutlady. Bu gün öňki ýyllarda harby parad bilen bellenilipdi.
Saglygy goraýyş edaralary 7-nji maýda koronawirus ýokaşanlaryň sanynyň 4530-a ýetendigini, ýurtda bu keselden 30 adamyň, ýagny sebitde iň kän näsagyň ýogalandygyny aýtdy.
Goňşy Gyrgyzystanda häkimiýetler birnäçe hassanyň we medisina işgäriniň COVID-19 synaglary oňyn netije görkezenden soň, Bişkegiň esasy çagalar hassahanasynyň işini togtatdy.
Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Nurbolot Usonbaýew hassahananyň täze hassalary kabul etmegini bes edendigini, ozal kabul edilenleriň koronawirus barlagyndan geçirilýändigini aýtdy.
Usonbaýew ýurtda 895 koronawirus näsagynyň hasaba alnandygyny, şolardan 12 näsagyň keseliniň ölüm howplydygyny aýtdy.
Özbegistanda häkimiýetler koronawirus näsaglarynyň sanynyň 2266 adamdygyny, şol sanda 10 adamyň ölendigini aýtdy.
Täjigistanda soňky sanlar 379, şol sanda 8 adam öldi. Türkmenistanda ýekeje-de resmi hasaba alnan koronawirus näsagy ýok. Hünärmenler ýurtda aç-açanlygyň we garaşsyz metbugatyň ýokdugyny nazara alyp, bu aýdylýana şübheli garaýarlar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.