Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýeti Liwiýa konfliktini öjükdirmekde, ol ýere Siriýadaky söweşijileri ibermekde aýyplaýar


Wasiliý Kudriçew, "Wagner" toparynyň Siriýada, Deir ez-Zor söweşinde öldürilen söweşijisi. Arhiw suraty.
Wasiliý Kudriçew, "Wagner" toparynyň Siriýada, Deir ez-Zor söweşinde öldürilen söweşijisi. Arhiw suraty.

Birleşen Ştatlar Orsýeti uruşdan tozan Liwiýadaky ýagdaýy ýaramazlaşdyrmakda we paýtagt Tripolini basyp almak ugrundaky söweşde liwiýaly uruş serkerdesi Halifa Haftara goldaw bermek üçin Siriýada hakyna tutulan ýaragly güýçleri ibermekde aýyplaýar.

Döwlet departamentiniň ýokary derejeli işgärleriniň 7-nji maýda aýdan sözleri BMG Orsýetiň “Wagner” toparyndan bolan 800-den 1200-e çenli hakyna tutulan söweşijiniň Haftaryň özüni Liwiýanyň milli goşuny diýip atlandyrýan we ýurduň gündogaryna gözegçilik edýän söweşijileri bilen bilelikde, işjeň söweşýändigini tassyklandan bir gün soň aýdyldy.

Moskwanyň Haftara berýän goldawy, "konfliktiň ep-esli ýokarlanmagyna we Liwiýadaky ynsanperwerçilik ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna sebäp boldy" diýip, Döwlet departamentiniň Orsýete syn edýän resmisi Kris Robinson aýtdy.

"Wagner" topary köplenç azaşdyrmak üçin "Orsýetiň hususy howpsuzlyk kompaniýasy" diýlip atlandyrylýar, emma aslynda ol rus hökümetiniň guraly bolup, Kreml ony öz maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin arzan we az töwekgelçilikli tutar hökmünde peýdalanýar” diýip, ol aýtdy.

BMG topary, bir rus kompaniýasynyň pesinden 2020-nji ýylyň başyndan bäri, Liwiýada söweşmek üçin siriýalylary işe alýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jim Jeffri žurnalistlere Birleşen Ştatlaryň Orsýetiň jeňçi söweşijileri we enjamlary Liwiýa geçirmek üçin Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen işleşýändigine ynanýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG