Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan pandemiýa döwründe JIÖ ösüşiniň 6,3% artandygyny aýdýar


Azyk nobatlary ulalmasa, kiçelmeýär diýip, habarçylar aýdýar.

Türkmenistan, öňden gelýän ykdysady kynçylyklaryna we pandemiýa, energiýa bahalarynyň aşak gaçmagyna garamazdan, ýylyň dört aýynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3% artandygyny aýdýar.

“Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň ösüşi 5,5% artdy” diýip, türkmen resmileri hepde ahrynda geçirilen hökümet mejlisinde habar berdiler.

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda bölek satuw dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,8%, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1,5% köpeldi; Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104%, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 95,5% ýerine ýetirildi diýip, resmi habarda aýdylýar.

Şeýle-de, ýurduň orta we iri kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň 10,4% ýokarlanandygy bellenýär.

Türkmen hökümetiniň geçirýän mejlislerinde hemişe uly ösüş sanlary getirilýär we ýurtdaky azyk gytçylyklary, maliýe, pul-manat kynçylyklary, hatda tebigy hadysalaryň ýetiren zyýanlary hakynda hem açyk gürrüň gozgalamaýar.

Synçylar, hökümet işinde aýdyňlygyň we metbugat azatlygynyň ýoklugy sebäpli, Türkmenistanyň çap edýän resmi sanlaryna ynamsyz garaýarlar.

Türkmenistan, ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklaryna garamazdan, sebitde ilaty iň bir mätäç ýagdaýda ýaşaýan ýurtlaryň biri hasaplanýar.

Şol bir wagtda, ýurtda yzygiderli çap edilýän ösüş sanlarynyň fonunda barha ösýändigi aýdylýan işsizligiň derejesi barada anyk maglumat berilmeýär.

Resmi bolmadyk ýa-da syzyp çykan resmi maglumatlara görä, soňky on ýylda ýurtdan iki milliona golaý adam iş gözläp, daşary ýurtlara çykdy.

Emma muňa garamazdan, ýylda pagta, galla we beýleki planlaryny doldurýandygyny habar berýän ýurtda azyk nobatlary ulalmasa, kiçelmeýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG