Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanda koronawirus näsaglarynyň sany bäş müňden geçdi


Ýüzi maskaly adam. Almaty, 9-njy maý, 2020

Gazagystanda koronawirus ýokaşan näsaglaryň ýene-de 61 sanysy hasaba alyndy.

Täzelikde wirus ýokaşanlaryň aglaba köplügi paýtagtda ýaşaýan adamlar.

Nur-Soltanda 31 sany täze näsag, Almatyda 11, Mangistau sebitinde 7 näsag hasaba alyndy. Beýleki sebitlerde 1-3 aralygynda täze näsaglar ýüze çykaryldy.

Paýtagtda ir sagat 9.45-de elýeterli bolan maglumatlara görä, Gazagystanda COVID-19 bilen näsaglan 5036 adam hasaba alyndy, olardan 1766 adam gutuldy, 31 näsag ýogaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG