Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seulda koronawirus ýokaşmalarynyň ikinji tapgyryndan soň klublar we barlar ýapylýar


Seul. 6-njy maý.
Seul. 6-njy maý.

Seul häkimiýetleri koronawirus ýokaşmalarynyň ikinji tapgyry gaýtalanandan soň şäher merkezindäki klublary we barlary ýapdy diýip, “Yonhap” habar gullugy habar berýär.

Günorta Koreýa aprel aýynyň aýagyndan bäri karantin çärelerini gowşadýar, emma şäherde keseliň täzeden möwjäp başlandygy hasaba alyndy.

Altynjy gün ýurtda täzelikde koronawirus ýokaşan näsaglaryň 18 sanysy hasaba alyndy, häkimiýetler olaryň 17 sanysyny gijeki klublara barýan adamlar bilen baglanyşdyrýar.

Şol bir wagtda, häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, kesel ýokaşanlaryň dynç alan ýerlerine bir ýarym müňe çenli adam barypdyr.

Günorta Koreýa dünýäde koronawirus ýokaşmalarynyň ilkinji möwjän ýurtlarynyň biri hökmünde hasaba alyndy.

Emma ýurtda ýokanç keseli jylawlamak başartdy - 51,6 million ilatyň arasynda 10,822 adama wirus ýokaşandygy hasaba alyndy, 256 adam öldi.

Amerikanyň Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, 9-njy maýa çenli bolan görkezijiler dünýäde dört milliona golaý koronawirus ýokaşan näsagyň bardygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG