Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Täjigistana koronawirusa garşy göreş üçin lukmanlar toparyny iberdi


Özbek lukmanlaray Täjigistana kömege barýar.

Özbegistan Täjigistana ýerli saglyk işgärlerine koronawirus näsaglaryny bejermekde we ýokanç keseliň öňüni almak çerälerinde kömekleşmek üçin lukmanlar toparyny iberdi

Özbegistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň maglumatyna görä, Täjigistana iberilen lukmanlar kärdeşlerine COVID-19-yň öňüni almak, gözegçilik we bejeriş işlerinde kömek eder.

Täjigistana dürli ugurlar boýunça saglyk hünärmenleriniň, şol sanda anesteziologlaryň, reanimatorlaryň, pulmonologlaryň we ýokanç kesel hünärmenleriniň iberilendigi habar berilýär.

Daşkentdäki howa menziline olary Özbegistannyň saglyk ministri Alişer Şadmanow alyp bardy.

Özbek häkimiýetleri 8-nji maýda Täjigistana antiseptiklerden we dezinfeksiýalardan, lukmançylyk eşiklerinden, respiratorlardan, äýneklerden, elliklerden, maskalardan, dürli dermanlardan ybarat ynsanperwerlik kömegini iberdi.

Täjigistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatyna görä, şu güne çenli ýurtda koronawirus ýokaşan 612 adam ýüze çykaryldy, koronawirusdan 20 adam ýogaldy.

Täjik häkimiýetleri ýurtda COVID-19 näsaglarynyň bardygyny köpden bäri inkär etdi we soňky ölümleriň pnewmoniýa bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýär.

Raýat jemgyýetiniň basyşyndan soň häkimiýetler Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) hünärmenler toparyny ýurda çagyrmaga mejbur boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG