Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ bilen şertsiz tussag çalyşjak diýýär


Eýran hökümetiniň metbugat wekili Ali Rabiei

Eýran ABŞ bilen doly tussag alyş-çalşygyna taýýar, ýöne Waşington Eýranyň tussaglary çalyşmak baradaky çagyryşyna häzire çenli jogap bermedi diýip, Eýran hökümetiniň metbugat wekili Ali Rabiei aýtdy.

"Biz öňünden şert goýmazdan ähli tussagy çalyşmaga taýyndygymyzy yglan etdik we bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlandyk, ýöne amerikalylar entek jogap berenok" diýip, Rabiei 10-njy maýda "Habaronline" habar saýtyna beren interwýusynda aýtdy.

Günbatar mediasy geçen hepde Tähran bilen Waşingtonyň harby-deňiz güýçleriniň weterany Maýkl Waýty bir eýranla çalyşmak hakynda gepleşik geçirýändigini habar berdi.

Eýranda ýokary ruhany lider Ali Hamaneýini masgalamakda we hususy maglumaty internetde ýerleşdirmekde aýyplanyp tussag edilen Waýt martda, koronawirus pandemiýasynyň fonundaky saglyk ýagdaýlary sebäpli azat edildi.

Eýranda azyndan dört amerikalynyň tussaglykda saklanylýandygy aýdylýar.

Eýran ABŞ häkimiýetleriniň 20 töweregi eýran raýatyny türmede saklaýandygyny aýdýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo mart aýynda Eýrany ýurtda nädogry tussag edilen amerikanlaryň ählisini gumanitar esasda boşatmaga çagyrdy.

ABŞ we Eýran 2019-njy ýylda içalyçylykda aýyplanyp tussag edilen amerikan aspiranty Siýue Wang bilen sanksiýalary bozmakda aýyplanan eýranly ylmy barlagçy Massud Soleýmany çalşyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG