Eýranyň harby gämisiniň Oman aýlagynda geçirilen harby-deňiz türgenleşikleriň dowamynda tötänden raketa zarbasy bilen ýaran gämisine degip, 19 deňizçi wepat boldy we 15-si ýaralandy diýip, telewideniýe 11-nji maýda habar berdi.
Eýranyň we ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenen pursadyna gabat gelen bu hadysa 10-njy maýda Tährandan 1270 kilometr uzaklykda Oman aýlagynda ýerleşýän Jask portunyň golaýynda ýüze çykdy.
Döwlet telewideniýesi raketa zarbasyny tötänlik diýip häsiýetlendirdi, we zarba alan ýardamçy "Konarak" gämisiniň nyşana golaý durandygyny habar berdi.
12 sany deňizçi ýerli hassahana alnyp baryldy, ýene üçüsine ýeňil ýaralaryndan bejergi berildi diýip IRNA agentligi habar berdi.
Bu regionda gözegçilik edýän ABŞ-nyň 5-nji harby-deňiz floty bolan waka barada dessine kommentariý bermedi.
Eýran Hormuz bogazyna golaý ýerleşýän bu regionda yzygiderli harby maşklaryny geçirýär. Dünýädäki nebit önümleriniň bäşden bir bölegi Pars aýlagynyň üstünden geçýär.
ABŞ-nyň we Eýranyň arasyndaky häzirki dartgynlylyk amerikan prezidenti Donald Trampyň 2018-nji ýylda Tähranyň ýadro programmasy boýunça halkara ylalaşygyndan çykyp, bu ýurda garşy sanksiýalaryny dikelden pursadyndan bäri dowam edýär.