Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt-Peterburgyň keselhanasyndaky ýangynda bäş sany COVID-19 näsagy öldi


Ýowuz ýangyn Sankt-Jorj keselhanasynyň altynjy gatynda döredi. 12-nji maý, 2020 ý.
Ýowuz ýangyn Sankt-Jorj keselhanasynyň altynjy gatynda döredi. 12-nji maý, 2020 ý.

Russiýanyň ikinji uly şäheri Sankt-Peterburgdaky keselhanada bolan ýangynda bäş sany koronawirus näsagy öldi.

Ýerli häkimiýetler 12-nji maýda irden bolan ýangynyň döremegine Sankt-Jorj keselhanasynyň altynjy gatynda işleýän emeli öýken wentilýator enjamyndaky näsazlygyň sebäp bolan bolmagynyň örän ähtimaldygyny aýdýarlar.

Ölen bäş näsagyň hemmesiniň bir otagdadygyny we binanyň şol bir gatyndaky 150 hassanyň ewakuasiýa edilendigini, şäheriň prokurory Sergeý Litwinenko aýtdy.

Sakt-Peterburgyň kanun goraýjy organlarynyň resmileri, özleri tarapyndan “bilgeşleýin bolmadyk” ganhorluk diýip atlandyrylan, waka boýunça derňewiň başladylandygyny aýtdylar.

Sankt-Jorj keselhanasynda 579 sany krowat bolup, mart aýynyň ortalarynda bu ýer pnewmoniýadan we dem alyş ýollarynda ýiti infeksiýalardan, şol sanda koronawirusdan ejir çekýän näsaglar üçin bejeriş merkezine öwrüldi.

Resmileriň 12-nji maýda beren maglumatyna görä, Russiýada koronawirus bilen kesellänleriň sany soňky 24 sagatda 10899 adam artyp, resmi taýdan hasaba alnan näsaglaryň sany 232 müň 243 adama ýetdi. Russiýada bu wirusdan 216 adam öldi.

XS
SM
MD
LG