Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýada hususy garrylar öýündäki ýangynda ölenleriň sany 11 adama ýetdi


Ýangyn gijäň ýary töweregi hususy eýeçilikdäki garrylar öýünde döredi. 11-nji maý, 2020 ý.

Moskwanyň golaýynda ýerleşýän Krasnogorsk şäherindäki garrylar öýünde bolan ýangynda ýaralanan ýene iki sany garry adamyň ölmegi bilen, wakada ölenleriň sany 11 adama ýetdi.

Şäher resmileriniň 12-nji maýda beren maglumatyna görä, ýangyn sebäpli keselhana ýerleşdirilen dokuz garry adamdan iki sanysy gijäň ýary aradan çykdy.

Ýangyn 11-nji maýda gijäň ýary töweregi hususy eýeçilikdäki garrylar öýünde döredi we wakanyň bolan ýerinde dokuz adam öldi.

Resmiler ýangynyň döremegine bozuk elektrik siminiň sebäp bolandygyny aýtdylar.

Şahsyýeti köpçülige aýan edilmedik garrylar öýüniň dolandyryjysy "howpsuzlyk düzgünlerine laýyk" hyzmatlary bermezlikde aýyplanyp tussag edildi.

Russiýada howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy ýa-da bozuk simler sebäpli adam pidalaryna getirýän ýangynlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Geçen aý Moskwadaky başga bir hususy garrylar öýünde bolan ýangynda bäş adam ölüpdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG