Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň metbugat wekili Peskow koronawirusa ýolugdy, keselhana ýerleşdirildi


Rus prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow
Rus prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow

Rus prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň we onuň aýaly Tatýana Nawkanyň koronawirus bilen keselländigi ýüze çykaryldy we olar bejergi üçin keselhana ýerleşdirildi.

“Hawa, men keselledim. Men bejergi alýaryn” diýip, Peskow 12-nji maýda rus mediasyna aýtdy.

Peskowyň aýaly Nawka hem özünde COVID-19 wirusynyň ýüze çykarylandygy we adamsy bilen keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi.

Peskow koronawirus bilen kesellän ýokary derejeli rus resmileriniň soňkusydyr. Mundan öň, wirusa premýer-ministr Mihaýil Mişustin, medeniýet ministri Olga Lýubimowa we gurluşyk ministri Wladimir Ýakuşew ýolugypdy.

Peskow jemgyýetçiligiň öňünde soňky sapar 30-njy aprelde, haçanda Mişustiniň wirus bilen keselländigi yglan edilende, görünipdi.

Mundan birnäçe gün öň, Putin Russiýada koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça tagallalaryň üstünlikli alnyp barylýandygyny aýdyp, ýurt boýunça girizilen käbir çäklendirmeleriň gowşadyljakdygyny yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG