Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetiň BMG-däki wekili ABŞ-nyň Eýrana garşy ýarag gadaganlygyny uzaltmagyna garşy çykýar


Wasiliý Nebenzia

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy ýarag embargosyny giňeltmek, Tährana garşy BMG sanksiýalaryny gaýtadan girizmek boýunça islendik synanyşygyna Moskwanyň berk garşy durjakdygyny aýtdy.

Wasiliý Nebenzianyň 12-nji maýda aýdan sözleri Birleşen Ştatlaryň oktýabr aýynda tamamlanýan embargony BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde, Orsýetiň weto hukugy bolan guramasynda uzaltmagynyň kyn boljakdygyny görkezdi.

Birleşen Ştatlar BMG-nyň adaty ýarag söwdasy babatdaky embargosyny nämälim möhletde uzaltmak isleýär we ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Birleşen Ştatlaryň bu maksada ýetmek üçin bar bolan ähli serişdäni ulanjakdygyny aýtdy.

ABŞ resmileriniň we BMG diplomatlarynyň sözlerine görä, BMG-niň diplomatlarynyň arasynda ýaýradylan karar taslamasy, alty sany uly döwlet bilen Eýranyň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro şertnamasyna esaslanýan karara daýanýan ýarag embargosyna zarba urar.

Nebenzia ýarag embargosynyň, sanksiýalary gowşatmagyň öwezine, Tähranyň ýadro ýaraglaryny öndürmeginiň öňüni alýan ýadro şertnamasynyň "önümi" bolandygyny aýtdy. Orsýetiň pikirine görä, onuň möhletiniň oktýabr aýynda gutarjakdygy aýdyň zat.

Nebenzia BMG koronawirusyň ýaýramagyna gözegçilik üçin durmuşa geçirilýän sosial aralyk çäklendirmelerine syn edýän wagtynda žurnalistler bilen wideokonferensiýa arkaly söhbetdeş boldy.

Ol ABŞ-nyň şertnamadan çykanyndan iki ýyl soň hem Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasynyň agzasydygyny öňe sürmegini "gülkünç" diýip atlandyrdy. Şeýle-de ol Waşingtonyň şunuň bilen baglylykda BMG-niň Tährana garşy girizen sanksiýalarynyň ählisini yzyna gaýtaryp getirjegini sorag astyna lady.

Yza dolanyşygy gurnamak üçin sen şertnama gatnaşyjy bolmaly, ABŞ bolsa 2018-nji ýylyň 8-nji maýynda bu şertnamadan buýsanç bilen çekildi we öz arkasyndaky gapyny ýapdy diýip, Nebenzia aýtdy.

Şeýle-de Nebenzia yza dolanmagyň ýadro ýaraglary şertnamasynyň we Halkara atom energiýasy guramasynyň Eýranda geçirýän barlaglarynyň soňlanmagyna getirmek ähtimallygyny çaklady.

Prezident Donald Trump şertnamadan ýüz öwren hem bolsa, Eýran ylalaşygyň şertlerini "düýpli ýerine ýetirmedik" halatynda, Birleşen Ştatlar onda göz öňünde tutulan sanksiýalary yzyna getirmek hukugyny saklap galýandygyny öňe sürýär.

Bu pozisiýa Döwlet departamentiniň kanuny deliline esaslanýar, sebäbi Birleşen Ştatlar ýadro şertnamasynda däl hem bolsa, Howpsuzlyk geňeşiniň ony berkiden karary boýunça bu ylalaşyga turuwbaşdan gatnaşyjy bolup galýar.

2015-nji ýyldaky rezolýusiýa Birleşen Ştatlary gatnaşyjy diýip atlandyrýar, ýöne rus ilçisinden başga-da köp diplomat ABŞ-nyň deliliniň gümürtikdigini, Waşingtonyň şertnamadan göz edip çykandygyny öňe sürýär.

Şeýle-de Nebenzia 12-nji maýda Eýranyň daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarifiň BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişe ýazan hatyna salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň 2015-nji ýyldaky şertnamany ýerine ýetirmek borçnamalary baradaky karary "gödek bozup", hakykatda halkara hukugynyň kesgitlenen ýörelgelerini äsgermän, sanksiýalary bikanun yzyna getirjek bolýandygyny öňe sürdi.

Ýadro ylalaşygyndan çekilmek bilen, Birleşen Ştatlar bu ýerdäki "ähli hukugyny ýitirdi" diýip, ol Zarifiň sözlerin gaýtalady we oňa doly goşulýandygyny nygtady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG