Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatdaky karantinde hassalaryň köpelmegine garaşylýar, türkmen ýolbaşçylary COVID-19 garşy ylmy diplomatiýany hödürleýär


Türkmenabadyň keselhanasy (illýustrasiýa suraty)
Türkmenabadyň keselhanasy (illýustrasiýa suraty)

COVID-19-yň ýurtda ýokdugyny aýdýan Türkmenistanyň habar çeşmeleri hökümetiň koronawirusa garşy dünýädäki göreşe degişli inisiatiwalary barada habar bermegini dowam etdirýärler. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bolsa, ýurdyň içinde COVID-19 bilen bagly karantin zonalaryň ýaýbaňlandyrylýandygyny habar berýärler.

Azatlygyň Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeleri Türkmenabatdaky karantinde hassalaryň köpelmegine garaşylýandygyny habar berýärler.

"25-nji maýda karantine 1500 adamyň gelmegine garaşylýar. Häzir gyssagly taýýarlyk görülýär. Munuň üçin köpsanly harby çadyrlary dikýärler" diýip, ygtybarly ýerli çeşmelerimiziň biri 14-nji maýda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler 1-nji iýundan başlap, Lebap welaýatyny karantine ýapmagy planlaşdyrýarlar. Bu barada Saglygy saklaýyş ministrliginden we Lebapdaky saglygy saklaýyş edaralaryndan resmi derejede maglumat alyp bolmady.

Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynyň giňişliginde ýerleşýän karantin fewral aýynda koronawirusyň dünýäde güýçli depginde ýaýrap başlan wagtynda döredilipdi. Bu ýerde saklanan adamlaryň sany we koronawirusy tassyklanan adamlaryň sany elýeterli däl. "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri bu ýerde saklananlaryň azyndan ýedisinde COVID-19 keseliniň tassyklanandygyny habar beripdi. Azatlygyň habarçylary bu ýerde 500 golaý adamyň saklanandygyny, olaryň köpüsiniň daşarda dikilen çadyrlarda ýerleşdirilendigini anyklapdy.

27-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Türkmenabatdaky karantiniň birden boşap, diňe bäş adamyň galandygyny habar beripdi.

Azatlygyň Türkmenabatdaky çeşmesi häzir ýokanç keseller hassahanasynyň COVID-19 karantin zonasynda 47 adamyň saklanýandygyny aýdýar.

"Karantinde 47 adam saklanýar. Uçar sürüjiler, maşinistler. Maşinistler Stambuldan gelen ýüki getirdiler, uçar sürüjileri iki ýük uçarynda geldiler. 8-nji maýda Türkmenabada Stambulyň üsti bilen ABŞ-dan Boing-737 geldi. Gelen 4 adam karantine ýerleşdirildi" diýip, welaýatdaky çeşmelerimiziň biri 14-nji maýda habar berdi. Onuň sözlerine görä, karantinde koronawirusyň bolmagy tassyklanan adamlaryň ýokdugyny, emma olaryň ýanyna hiç kimiň goýberilmeýändigini aýtdy.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary 25-nji maýdan başlap halkara reýsleriniň, hususan-da, Moskwadan, Stambuldan we Deliden uçarlaryň gelip başlamagyna garaşylýandygyny aýdýarlar. Martyň başynda Aşgabada gatnaýan halkara uçarlary Türkmenabada geçirilipdi, soňra COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda ýatyrylypdy.

Ýaňy-ýakynda Türkiýäniň awiakompaniýasynyň Türkmenistana gatnaýan reýslerine bilet satyp başlandygy mälim boldy.

Garaşsyz Turkmen.News neşri Turkish airlines 28-nji maýdan başlap Aşgabada barýan uçarlaryna bilet satyp başlandygyny, kompaniýanyň saýtynda bir taraplaýyn biletleriň bahasynyň 212 dollara durýandygyny habar berdi.

Biletler agzalan seneden soňky günleriň hemmesine elýeterli, bu bolsa uçarlaryň yzygiderli boljagyny aňladýar diýip, neşir belleýär.

Türkmen ýolbaşçylary ýurduň içinde COVID-19 ýaýramazlygy üçin "ählitaraplaýyn taýýarlygyň ýokary derejede" görlendigini yglan edýärler we COVID-19 pandemiýasyna garşy halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldaýandygyny yglan edýärler.

Türkmen resmileri indi global pandemiýa garşy ylmy diplomatiýanyň üsti bilen lukman-alymlaryň arasynda kontakt guramak arkaly göreşmegi hödürleýärler. Bu barada daşary işler ministri Reşit Meredow 12-nji maýda GDA guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň maslahatynda aýtdy.

Häzirki wagtda türkmen resmileri ýurtda COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin sapara taýýarlanýan BSG-niň wekilleri bilen gepleşik geçirýärler. BSG-niň Ýewropadaky býurosy koronawirusyň ýokdugyny aýdan Türkmenistana we Täjigistana baryp görmek planyny yglan edenine uç hepde boldy. Bu aralykda halkara bilermenleri Täjigistana sapar etdiler. Täjigistan koronawirusly hassalarynyň bardygyny boýun aldy, şu günki gün olaryň sany 800 adamdan aşdy.

Halkara bilermenleriniň Türkmenistana sapary henizem başa barmady.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG