Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karantindäki hassalar nirede? Türkmenistan BSG missiýasynyň saparyna taýýarlanýar


Aşgabadyň keselhanasy (arhiw suraty)
Aşgabadyň keselhanasy (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň Türkmenabatdaky çeşmeleriniň sözlerine görä, şäherde ýerleşýän karantin zonasy birden boşap galypdyr. Bu ýerde COVID-19 keseliniň bolmagy güman edilen ýüzlerçe adam saklanýardy. Bu ýagdaý BSG-niň missiýasynyň Türkmenistana sapar etmäge taýýarlanýandygy baradaky habaryň yzýanyna gabat gelýär.

Türkmenabadyň çetindäki karantinde häzir bäş adam galdy, galanlaryny goýberdiler" diýip, Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmämiz 27-nji aprelde habar berdi we bu ýerde öň 486 adamyň saklanandygyny belledi.

Azatlyk Radiosy karantin zonasynda saklanan ýüzlerçe adamyň goýberilendigini ýa-da başga bir ýere geçirilendigini anyklap bilmedi.

Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleriniň we habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenabatda COVID keseli bilen baglylykda adamlaryň üzňelikde saklanýan iň uly karantin ýerleşýär.


Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynyň giňişliginde ýerleşýän karantin koronawirusyň dünýä çalt ýarap başlan wagtynda fewral aýynda döredilipdi. Habarçylarymyzyň, çeşmelerimiziň we garaşsyz media çeşmeleriň maglumatlaryna görä, hassalaryň bir bölegi, esasan erkek adamlar meýdanda dikilen çadyrlarda, aýallar we çagalar keselhananyň içinde saklanýardy.

BSG-nyň ýewropaly bilermenleriniň Türkmenistandaky ýagdaýy öwrenmek üçin etjek sapary barada 23-nji aprelde mälim boldy, bu Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýurtda COVID-19 bilen bagly hasaba alnan ýagdaýlaryň ýokdugyny yglan etmegine gabat geldi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşri Türkmenistanyň häkimiýetleriniň koronawirus bilen kesellän adamlary çetki keselhanalarda gizlemekçi bolýandygyny habar berýär. Maglumata görä, Saglygy saklaýyş, Daşary işler, Içeri işler we Milli howpsuzlyk hem beýleki ministrlikleriň hem-de komitetleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ýygnaklar geçirlip, Türkmenistandaky ýagdaý has amatly görkezmek üçin görüljek çäreler maslahat edilipdir.

Hassalygy bolan adamlary welaýatlaryň saglyk edaralaryna wagtlaýyn geçirmek kararyna gelindi diýip, neşir habar berýär we Türkmenabadyň karantin zonasynda azyndan 7 adamda koronawirusyň bolandygyny belleýär.

"Häzirki wagtda olardan ikisi sagaldy. Galanlaryny Garaşsyzlyk etrabynyň ruhy hassalar keselhanasyna geçirmek planlaşdyrylýar. Häzir hassahananyň bir bölümini karantin üçin taýýarlaýarlar" diýip, Türkmenistanyň Hronikasy 27-nji aprelde habar berdi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Türkmenistanda keseliň ýokdugyny öňe sürmekden daşary, öz tejribelerini halkara derejesinde paýlaşmaga isleg bildirdi.

Indi bolsa ýurduň döwlet medialaryna salgylanmak bilen, türkmen ýolbaşçylarynyň koronawirusa garşy geçirýän işleriniň oňlanýandygy barada habar berilýär.

"BSG Türkmenistanda COVID-19 öňüni almak boýunça çärelere oňyn baha berdiler. Bu ugurdan ýurt BSG-niň rekomendasiýalaryna aktiw eýerýär" - diýip SNG.Today neşri Türkmen döwlet habarlar gullugyna salgylanyp, 27-nji aprelde habar berdi.

Şol gün Türkmenistanyň DIM-de türkmen resmileriniň BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.

COVID keseliniň näderejede ara alnyp maslahat edilendigi belli däl. BMG-niň Aşgabatdaky ofisinde Azatlyk Radiosyna resmi jogap berip bilmediler. Edaranyň resmileri günüň dowamyna tapdyrmady.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň websaýtynda çap bolan maglumatda 27-nji aprelde geçirilen maslahatda infeksion keselleriň ýaýramagyna, howply keselleriň öňüni almaklyga we epidemiologiýa gözegçiligine degişli temalaryň maslahat edilendigi aýdyldy, emma COVID-19 ýekeje gezegem agzalmady.

Türkmen ýolbaşçylarynyň koronawirusyň ýurtda ýokdugyny öňe sürýän wagtynda döwlet mediasy bu keseliň adyny agzamakdan saklanýar.

COVID-19 keseliniň global pandemiýasynyň dowamynda Türkmenistanda keseliň ady diňe prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, daşary işler ministri Reşit Meredow tarapyndan agzaldy. Şeýle-de, saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesow BMG-niň resmileriniň öňünde 23-nji aprelde eden çykyşynda ýurtda keseli anyklamak üçin 30 müň test sistemasynyň bardygyny we karantinde 151 adamyň saklanýandygyny, olaryň köpüsiniň Türkmenistanyň raýatlarydygyny habar berdi.

Türkmenistanda lukmanlara koronawirus barada geplemek gadagan edilýär, adaty raýatlar koronawirusy agzandygy üçin yzarlanýar, tussaga ýa-da jerimä sezewar bolýar. Adamlara infeksiýadan goranmak üçin ýüzüne maska dakynmak, dermanhanalara maskalary satmak gadagan edilýär.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary ýurtda koronawirusyň simptomlaryna meňzeş alamatlary bilen lukmanlara ýüz tutýan adamlaryň hasaba alynmaýandygy, COVID testleriniň geçirilen ýagdaýynda-da olaryň netijeleriniň mälim edilmeýändigi ýa-da keseliň ýokdugynyň aýdylýandygy barada habar berdiler.

Türkmenistanda soňky iki hepdä golaý wagt bäri mekdeplerde we çagalar baglarynda COVID keseliniň testleri geçirilýär, emma olaryň netijeleri hem köpçülige mälim edilmeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG