Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adalat ministrligi Gülnara Kerimowanyň $10 mln möçberindäki pulunyň yzyna getirilendigini aýdýar


Özbegistanyň Adalat ministrligi Gülnara Kerimowanyň Fransiýadaky emläklerinden 10 million dollar möçberindäki serişdäniň Özbegistana, yzyna gaýtarylandygyny habar berdi.

"Özbegistanyň Adalat ministrliginiň we Baş prokuraturasynyň, ygtyýarly edaralarynyň gatnaşmagynda, 2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Gülnara Kerimowanyň emlägini ýurda gaýtaryp bermek baradaky tagallalar netijesinde, onuň Fransiýadaky 10 million dollarlyk emälgi Özbegistana gaýtaryldy" diýip, Adalat ministrliginiň beýannamasynda aýdylýar.

Yza gaýdyp gelen serişdeleriň Özbegistanyň döwlet býujetine geçirilendigi we umumy düzgünler esasynda ulanyljakdygy habar berildi.

Ministrligiň metbugat gullugy ähli gepleşikleriň we emläkleri yzyna gaýtarmak boýunça görülýän çäreleriň, Özbegistanyň kanunçylygyna we halkara hukugyna laýyklykda, resmi derejede geçirilýändigini aýtdy.

Häzir Baş prokuratura bilen Adalat ministrliginiň, degişli bölümleriň gatnaşmagynda, Şweýsariýanyň, Birleşen Ştatlaryň, Fransiýanyň, Orsýetiň we beýleki ýurtlaryň ygtyýarly edaralary bilen bilelikde, Gülnara Kerimowanyň jenaýatçylykly usulda toplan 1,3 milliard dollardan gowrak serişdesini yzyna gaýtarmak üçin işleýändigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG