Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatdaky COVID-19 karantini dikeldilýär we giňeldilýär


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan Türkmenistan ýurduň iň uly karantin zonasyny dikeldýär we ýaýbaňlandyrýar. Türkmenabatdaky karantiniň göwrüminiň giňeldilmegi Bütindünýä saglyk guramasynyň wekilleriniň Türkmenistandaky ýagdaýy öwrenmek üçin sapar etmegi planlaşdyrýan wagtynda, şeýle-de halkara howa gatnawynyň ýola goýulmagyna garaşylýan pursadyna gabat geldi.

27-nji aprelde bolan tupandan zyýan çeken Türkmenabatda çadyr lagerini dikeltdiler, çadyrlaryň we ýatylýan ýerleriň sanyny artdyrdylar diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri 14-nji maýda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, BSG-niň missiýasynyň Türkmenistana saparyna taýýarlygyň dowamynda çadyr lagerine başga keselhanalardan täze ýatylýan ýerleri we enjamlary getirip goýupdyrlar.

Türkmenabatdaky karantiniň ýaýbaňlanýandygyny we hassalaryň köpelmegine garaşylýandygyny Azatlygyň Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeleri 14-nji maýda habar beripdi.

"25-nji maýda karantine 1500 adamyň gelmegine garaşylýar. Häzir gyssagly taýýarlyk görülýär. Munuň üçin köpsanly harby çadyrlary dikýärler" diýip, ygtybarly ýerli çeşmelerimiziň biri 14-nji maýda habar berip, häzir karantinde 47 adamyň saklanýandygyny, olaryň esasan ýük uçarlaryň sürüjileri we tehniki işgärleridigini belledi.

Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynyň giňişliginde ýerleşýän karantin fewral aýynda koronawirusyň dünýäde güýçli depginde ýaýrap başlan wagtynda döredilipdi. Bu ýerde saklanan adamlaryň resmi sany elýeterli däl. Azatlygyň habarçylary bu ýerde 500 golaý adamyň saklanandygyny, olaryň köpüsiniň daşarda dikilen çadyrlarda ýerleşdirilendigini anyklapdy.

1-nji aprelde "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri Türkmenabatdaky karantiniň içindäki ýagdaýy görkezýän wideony paýlaşdy.

Neşiriň bellemegine görä, çadyrlarda öň duran iki gatly ýatylýan ýerler Türkmenabatda ýerleşýän harby bölümden alnypdyr.

27-nji aprelde Azatlygyň habarçylary BSG-niň missiýasynyň Türkmenistandaky ýagdaýy öwrenmek üçin barjagyny yglan etmeginiň yzýany Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasyndaky karantiniň birden boşap, diňe bäş adamyň galandygyny habar berdiler.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, bu ýerde saklananlaryň azyndan ýedisinde COVID-19 keseli tassyklanypdy. 14-nji maýda neşir olardan dördüsiniň sagalyp, boşadylandygyny, galan üç adama karantinde koronawirus ýokaşanlaryň biri goşulyp, bu adamlaryň häzir Boýunuzyndaky ruhy keseller hassahanasynda saklanýandygyny habar berdi.

"Ýagdaýy gowulaşansoň goýberilenler ýaşaýan ýerinde gözegçilik astynda saklanýarlar. Olara öýüden çykmak gadagan. Bu adamlaryň ýanyna günde saglygy saklaýyş wekili barýar, gyzgynyny, gan basyşyny barlaýar we burnundan hem agzyndan barlar üçin suwuklyk alýar" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky aýlarda keselçiligiň duýarlykly köpelendigini, emma hassalaryň koronawirusa mahsus simptomlary bilen keselhanalara ýüz tutanlarynda lukmanlaryň muny COVID-19 hökmünde tassyklamaýandygyny habar berýärler.

"Iki hepdeden gowrak wagt mundan öň Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň birine aşgabatly zenan toýa bardy. Ol birnäçe günden Aşgabada gelensoň gyzgyny göterildi. Ony ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirdiler, Daşoguzdaky garyndaşlaryny bolsa üzňelige saldylar. Ýöne welin olara aşgabatly zenanyň kömelek bilen zäherlenendigini aýtdylar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 15-nji maýda gürrüň berdi.

Üstesine, habarçylarymyzyň sözlerine görä, soňky hepdelerde Aşgabatda, Daşoguzda we Maryda adam ölümi köpelipdir. Öýken kesellerinden ýogalýanlar köp bolup, olaryň arasynda inçekeselli adamlar hem bar.

Häzirki wagtda Türkmenabatdaky karantiniň dikeldilmegi we ulaldylmagy halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilmegine garaşylýan pursadyna gabat geldi.

Garaşsyz Turkmen.News neşiri Türkiýäniň awiakompaniýasynyň 28-nji maýdan başlap Aşgabada barýan uçarlaryna bilet satyp başlandygyny, kompaniýanyň saýtynda bir taraplaýyn biletleriň bahasynyň 212 dollara durýandygyny habar berdi. Biletler agzalan seneden soňky günleriň hemmesine elýeterli, bu bolsa uçarlaryň yzygiderli boljagyny aňladýar diýip, neşir belleýär.

COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan Türkmenistan heläkçilikli wirusyň öňüni almak üçin ýurtda "ählitaraplaýyn taýýarlygyň ýokary derejede görlendigini" aýdýar.

Soňky hepdelere ýurt resmileri Türkmenistana baryp, ýurtdaky ýagdaýy görmek planlaryny mälim eden BSG-niň wekilleri bilen gepleşik alyp barýarlar. 23-nji aprelde BSG-niň Ýewropa boýunça býurosynyň müdiri guramanyň missiýasynyň koronawirusyň ýokdugyny aýdan Täjigistana we Türkmenistana barjagyny mälim edipdi.

Missiýanyň Täjigistana sapar etmeginden soň Täjigistanda COVID-19 bilen hasaba alnanlaryň sany 1000 golaýlady.

BSG-niň Ýewropa boýunça bilermenleriniň missiýasynyň COVID-19 bilen bagly Türkmenistana sapary heniz başa barmady.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG