Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Orsýetde hiç bir ýurtda ýok ýarag bar


Wladimir Putin
Wladimir Putin

Orsýetde dünýäde hiç bir ýurtda bolmadyk ýarag bar diýip, prezident Wladimir Putin “Moskwa. Kreml. Putin” diýen programmada eden çykyşynda aýtdy.

Söhbetdeşligiň doly görnüşi 17-nji maýda, ýekşenbe güni “Rossiýa-1” teleýaýlymynda efire berler.

"Bu düýbünden mümkin bolman hem bilerdi. Ýöne biz muny başardyk”diýip, prezident söhbetdeşlikde aýtdy. Ol bu hili üstünlikleri "düýpli ylym, ylmy mekdepler we inženerçilik işgärleri bolmazdan" gazanyp bolmajakdygyny hem sözüne goşdy.

“Kommersant” gazetiniň ýazmagyna görä, amerikan we rusprezidentleri Donald Tramp bilen Wladimir Putiniň arasynda bolan telefon söhbetdeşliginde ýaraglara gözegçilik meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şonda Tramp rus prezidentini gymmat düşýän ýarag ýaryşynyň öňüni almaga çagyrdy.

Neşir Orsýetiň iň uly ýarag öndürijileriň sanawynda ABŞ-dan soň ikinji ýeri eýeländigini aýdýar.

Şeýle sanaw her ýyl Stokgolm halkara parahatçylyk gözleg instituty (SIPRI) tarapyndan düzülýär.

XS
SM
MD
LG