Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

60-a golaý öňki owgan tussagy Türkmenistandan Owganystana gaýdyp geldi


Türkmenistandan Owganystana gaýdyp gelen owgan tussaglary. 18-nji maý, 2020 ý.
Türkmenistandan Owganystana gaýdyp gelen owgan tussaglary. 18-nji maý, 2020 ý.

Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan azat edilen 60-a golaý owgan tussagy Owganystana gaýdyp geldi.

Bu çäre 18-nji maýda iki ýurduň arasyndaky "Akina" serhet postunda amala aşdy. Tussaglary kabul etmek üçin bu ýere Owganystanyň Jowzjan welaýatynyň häkimi Abdul Kader Malia hem bardy.

Türkmenistandan Owganystana gaýdyp gelen owgan tussaglary. 18-nji maý, 2020 ý.
Türkmenistandan Owganystana gaýdyp gelen owgan tussaglary. 18-nji maý, 2020 ý.

Malia Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Owganystanyň dürli künjeginden 58 tussagyň boşadylandygyny we olaryň öz ýurtlaryna dolanandygyny aýtdy.

Owgan resmileriniň sözlerine görä, tussaglaryň köpüsi Türkmenistana neşe gaçakçylygynda aýyplanypdyr.

Türkmenistanda uly baýramçylyklara gabatlanyp günä geçiş çäreleri yglan edilýär.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji maýda gol çeken kararyna laýyklykda, Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 1192 raýatyň, 210 daşary ýurt raýatynyň günäleri geçildi.

Ýöne günäsi geçilenleriň atlary, olara jenaýat kodeksiniň haýsy maddalary esasynda ýyl kesilendigi, jezanyň näçe böleginiň çekilendigi baradaky maglumatlar metbugatda çap edilmedi.

Türkmenistandan Owganystana gaýdyp gelen owgan tussaglary. 18-nji maý, 2020 ý.
Türkmenistandan Owganystana gaýdyp gelen owgan tussaglary. 18-nji maý, 2020 ý.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG