Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili ähli taraplary zorlugy azaltmaga çagyrýar


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň ýörite parahatçylyk wekili Zalmaý Halilzad urşuň labryny bigünä owganlaryň çekýändigini aýdyp, Owganystanda “ähli taraplary” zorlugy azaltmaga çagyrdy.

ABŞ goşunynyň ýurtdan çekilmegine ýol açýan fewral ylalaşygynyň binagäri Halilzad Kabulda owgan hökümeti bilen duşuşmagynyň yzýany, 20-nji maýda agşam Katarda "Talyban" bilen görüşdi.

“Zorluk barada aýdylanda, men "Talyplara" aýtdym, ähli taraplar zorlugy azaltmaly” diýip, Halilzad Twitterde ýazdy hem-de “Talybanyň” syýasy başlygy Molla Abdul Gani Baradar bilen hem duşuşandygyny sözüne goşdy.

“Talyban” lideri Haýbatullah Ahunzada 20-nji maýda Oraza baýramçylygy mynasybetli ýaýradan beýanatynda parahatçylykda öňegidişlige çagyrdy, ýöne şol bir wagtyň özünde ol öz söweşijilerine “maksatlaryna ünsli bolmagy” we “hatarlary berkitmegi” tabşyrdy. Bu tabşyrygy hökümetiň howpsuzlyk resmileri zorlugy öjükdirýär diýip tankytladylar.

Günüň birinji ýarymynda Halilzad Kabulda owgan prezidenti Aşraf Gani hem-de onuň ozalky garşydaşy Abdullah Abdullah bilen duşuşdy.

XS
SM
MD
LG