Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda COVID-19 ýokaşanlaryň sany iki müňden geçdi, 470 adam gutuldy


Täjigistan. Hojant şäheriniň saglyk işgärleri. 20-nji maý, 2020. Resmi saýtdan alnan surat
Täjigistan. Hojant şäheriniň saglyk işgärleri. 20-nji maý, 2020. Resmi saýtdan alnan surat

Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, Täjigistanda 2140 sany COVID-19 ýokaşmasy ýüze çykaryldy, 470 adam bejerildi, 41 adam öldi.

Geçen gije-gündizde koronawirus ýokaşmasynyň 204 sanysy hasaba alyndy.

Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) ýurtda işini tamamlaýan hünärmenleri Duşenbä ilat arasynda geçirilýän synaglaryň gerimini giňeltmegi, statistikanyň we hasabatyň hilini ýokarlandyrmagy maslahat berdiler.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa býurosy Ozodi radiosynyň (Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň) soraglaryna ýazmaça jogap berip, "Missiýa sosial aralygy goşmak bilen goşmaça çäreleri ulanmagy maslahat berýär" diýdi.

Koronawirus statistikasy barada ilata habar berýän covid.tj hökümet sahypasy ýakynda keselden gutulanlaryň sanyny görkezmedi.

20-nji maýda saýt birbada 470 adamyň bejerilendigini habar berdi. Bu köp adamda resmi statistikanyň ygtybarlylygyna we dolulygyna şübhe döretdi.

XS
SM
MD
LG