Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain polisiýasy žurnalist Pawel Şeremetiň öldürilmegi bilen baglanyşykly derňewi tamamlady


Kiýewdäki protest çäresi. Arhiw suraty
Kiýewdäki protest çäresi. Arhiw suraty

Ukrain polisiýasy žurnalist Pawel Şeremetiň öldürilmeginde günäkärlenýänler, ýagny onuň öldürilmegi baradaky buýrugy ýerine ýetirmekde güman edilýänler barada geçirilen derňew işini tamamlady.

Bu barada güman edilýänleriň goragçylaryna iberilen habara salgylanyp, "Grati" neşiri habar berdi.

Russiýada we Ukrainada uzak wagtlap işlän belarus žurnalisti 2016-njy ýylyň iýul aýynda, Kiýewde öldürildi.

Donbasdaky söweşlere meýletin gatnaşan hirurg Ýuliýa Kuzmenko, Ukraina tarapdan Donbasdaky söweşlere gatnaşan weteran, sazanda Andreý Antonenko, harby şepagat uýasy Ýana Dugar dagy onuň janyna kast edilmegini amala aşyrmakda güman edilip, tussag edildi.

Derňew Antonenko bilen Kuzmenkony jenaýaty ýerine ýetiriji hasaplaýar, Dugar şärik hasaplanýar diýip, “Ukrainskaýa Prawda” neşiri habar berdi.

Derňewiň gelen netijesine görä, kast edişligiň näbelli guramaçylary, protestleri öjükdirmek üçin, ukrain jemgyýetinde bir sarsgyn beriji waka döretmek isläne meňzeýär.

Mundan öň polisiýa adam öldürmegiň sebäbini respublikadaky ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak we jenaýaty ýerine ýetirijileriň milletçi pikirlerine ünsi çekmek synanyşygy hökmünde düşündirdi.

Güman edilýänler ýüklenilýan günäleri ret edýärler. Olara ýöňkelýän jenaýat maddalarynda ömürlik tussaglyga çenli uzak möhletli jeza çäreleri nazarda tutulýar.

XS
SM
MD
LG