Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Oraza baýramynyň Türkmenistanda giňden belleniljekdigini aýdýar


Aşgabadyň "Ärtogrul gazy" metjidinde okalan baýram namazyna müňlerçe adam gatnaşdy. 4-nji iýun, 2019-njy ýyl

Türkmenistanyň prezidenti 22-nji maýda Oraza baýramyny bellemek hakyndaky karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza şu ýyl 24-nji maýda belleniler.

Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň 24-nji maýyndaky dynç güni 25-nji maýa, birinji güne geçirilýär.

Kararda bu permanyň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar tarapyndan berjaý edilmelidigi bellenýär.

Goňşy Özbegistanda bu ýyl, koronawirus pandamiýasy bilen baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen, musulmanlar Eýd al-Fitr baýramçylygynda köpçülikleýin doga etmek borjundan boşadyldy.

Emma Türkmenistanda resmi taýdan wirus ýokaşmasy hasaba alynmady we baýramçylyklar, köpçülik çäreleri, sport ýaryşlary dowam etdirilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG