Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda ýolagçy uçary heläkçilige uçrady: onlarça adam öldi


Ýaraly ýolagçy
Ýaraly ýolagçy

Pakistanda, Karaçi howa menziliniň golaýynda Pakistanyň halkara howa ýollarynyň ýolagçy uçary heläkçilige uçrady.

"Roýters" habar gullugy Pakistanyň awiasiýa ýolbaşçylaryna salgylanyp, uçarda 99 adamyň bolandygyny aýtdy. Ozal uçarda 107 adamyň bolandygy aýdylypdy.

Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, bortdakylardan üçüsi diri galdy diýip, "Dawn" gazeti ýazýar. 38 adamyň jesedi tapyldy. Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Metbugat habarlaryna görä, Lahordan Karaçi şäherine uçup gelen “Airbus A320” göz öňünde tutulan gonuşdan bir minut öň heläkçilige uçrady. Uçar ýaşaýyş jaýlarynyň üstüne ýykyldy, şonuň üçin pida bolanlaryň sany bortdaky adamlaryň sanyndan köp bolup hem biler.

Betbagtçylygyň sebäpleri entek belli däl. Käbir maglumatlara görä, uçar heläkçiliginiň öň ýanynda motorlarda näsazlyk ýüze çykypdyr.

XS
SM
MD
LG