Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň "Öl bazarlary". Pekin olary hemişelik ýapmaga taýýarmy?


Guançjounyň «öl bazaryndaky» öldürilen krokodil. HHR.

Hytaý resmileri golaýda hamana diýersiň ýurtda hiç hili «öl bazarlaryň» ýokdugyny aýtdy. Aslynda bolsa diri haýwanlar, şol sanda talaňçylyk ýoly bilen tutulan ýabany, özem şol ýerde öldürilen jandarlary iýmek üçin satýan ägirt uly söwda meýdançalary bar. Netijede bolsa, meselem, täze koronawirus infeksiýasynyň ýaýran ojagy bolan Wunah şäherindäki bir «öl bazaryň» täzeden açylmagy dürli keselleriň ýaýramagyna sebäp bolýar.

SARS-CoV-2diýlip belgilenen koronawirusCOVID-19keseliniň döremegine getirdi. Onuň«öl bazarlarda» satylýan haýwan etinden adama geçendigi barada, baryp geçen ýylyň oktýabrynda habar ýaýrapdy.Häzir bütin dünýä ýaýran täze koronawirusyň 7 müň görnüşli genleriniň analizine esaslanyp, onuň 2019-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda hem 11-njy dekabrda bolmagynyň çak edilýändigini Hoň-Koňyň belli neşiri South China Morning Postdiňe indi ýazýar.


Hytaý dünýäde rugsat edilmeýän haýwanlary tutup, bazarda satmak boýunça iň iri merkez hasap edilýär, olar dokladlarda bellenilişi ýaly ýabany tebigatyň baýlygyny awlaýarlar. Halkyň bilimli gatlagy muny ýazgarýan bolsa-da, Merkezi hem Günorta Hytaýda millionlarça adam «eweý»(«ýabany önüm») diýilýän eti öz iýmitinde ulanýar. Olarda ýabany tebigatyň jandarlaryny iýmek ömrüňi uzaldýar diýen düşünje bar.

Hytaýyň Guansi welaýatyndaky Ýuýlin şäheriniň«öl bazarynda»öldürilip satuwda çykarylan itler.
Hytaýyň Guansi welaýatyndaky Ýuýlin şäheriniň«öl bazarynda»öldürilip satuwda çykarylan itler.

Häzirki pandemiýa başlanandan soň, Wuhandaky şeýle bazarlar bütin dünýäniň diline düşdi. Ol ýer resmi ýagdaýda «Jandarlaryň hem deňiz önümleriniň “Huanan” lomaý söwda bazary» diýen at aldy. Hut şol ýer hem COVID-19infeksiýasynyň ýaýran ojagy hasaplanýar. Onuň tutýan meýdany 50 müň kw. metrden gowrak, ol ýerde müňlerçe söwdagär söwda orunlaryny kireýine alýarlar.

Ol bazarlar hemişe suw bilen ýuwlup, üstesine-de çygly bolansoň, «öl»diýilýär.Söwdagärler rezin ädikde işleýärler.
Ol bazarlar hemişe suw bilen ýuwlup, üstesine-de çygly bolansoň, «öl»diýilýär.Söwdagärler rezin ädikde işleýärler.

Ol ýerde bolup görenler sanitariýa düzgünleriniň aşa ýaramazdygyny, söwda ýerleriniň örän gürdügini hem ýowuz görünýändigini aýdýarlar. Içi jandarly gözeneklerden hem akwariumlardan ýaňa çadyrlaryň arasyndaky ýodanyň dardygyny, ýaňyja öldürilen haýwanlaryň hem guşlaryň ýere akan ganynyň üstünden geçmeli bolýandygyny gürrüň berýärler. Jandarlary ýowuz şertde öldürýärler hem ony adamlaryň gözüniň alnynda taýýarlaýarlar.

Merkezi Hytaýdaky bu bazar 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan näbelli möhlete çenli ýapylypdy. Oňa çenli bu ýerde diri pişikler, torsuklar, ýarganatlar, bobrlar, krokodiller, itler, tilkiler, ägirt uly salamndra (ýerde-suwda ýaşaýan zemzen), suroklar, gunduzlar, tawuslar, oklukirpiler, alakalar, ýylanlar, şol sanda zäherli ýylanlar hem satyldy.

Wuhandaky «Huanan» bazarynyň girelgesi. 2020-nji ýylyň 11-nji ýanwary. Surat bazar ýapylmanka düşürilipdi.
Wuhandaky «Huanan» bazarynyň girelgesi. 2020-nji ýylyň 11-nji ýanwary. Surat bazar ýapylmanka düşürilipdi.

12 milliona golaý ilaty bolan Wuhanda «Huanan» diňe ýeke bazar däl. Şäherde beýleki bir ”Baýşajou” «öl bazary»hem mälim.Olar üç aýlyk arakesmeden soň ýaňadan açyldylar. Hytaý şäherlerinde bolan onlarça bazary halkara basyşlaryna ýa Pekiniň berk görkezmesine gamazdan, ýapyp saklamagyň mümkin däldigini ýerli häkimiýetler aýdýarlar. Beýle bazarlary ýapmak halkyň asyrlar boýy gelýän däp-düzgünini äsgermezlik etmek diýip, on millionlarça hytaýly, aýratyn-da üpjünçiligi pes bolanlar närazylyk bildirýärler. Olara bu bazarlardan başga ýerde «arzan hem peýdaly et» satyn almaga mümkinçilik ýok.

Kanadanyň sosiologlary tarapyndan 2018-nji ýylda geçirilen barlaga görä, Hytaýyň Nankin şäherindäki maşgalalaryň 90% iýmit üçin eti hut «öl bazarlardan» satyn alýarlar. Sorag geçirilenlerden 75%-i hepdede azyndan 5 gezek ol bazarlara barýandygyny aýdypdyr.

Häzirki wagtda ABŞ-yň baştutanlygynda Günbatar döwletleri mydama dürli keselleri ýaýradyp duran «öl bazarlary» hemişelik ýapmak barada,Hytaýyň lideriSi Jinpinge basyş edýärler. Elbetde, bu talap berk garşylyga duçar bolýar. Amerikan-hytaý gatnaşyklaryndaky owaldan gelýän oňuşmazlyk ol meselä taraplaryň dürlüçe garamagyna getirýär. Pekin muny ähli fermer bazarlaryny ýapmak manysynda kabul edýär, Waşington hem beýleki Günbatar ýurtlary ol bazarlaryň içinde diri jandary öldürmegi, owaly bilen-de ýabany haýwanlary, olaryň seýrek duş gelýän ekzotiki görnüşlerini hem olaryň etini satmagy bes etmeli diýýär.

Hususan-da, ABŞ-yň Döwlet sekretary Maýkl Pompeo 22-nji aprelde Hytaýa hem beýleki Aziýa döwletlerine «jemgyýetçilik howpsuzlygyna wehim salýandygy» üçin,«öl bazarlary» ýapmalydygyny aýtdy. Pompeonyň sözüne görä, şeýle bazarlaryň ýapylmagy «Hytaýdaky hem onuň töweregindäki ýurtlaryň adamlarynyň saglygyna abanýan howpy peseldip biler, şeýle hem bikanun ýollar bilen awlanýan ýabany tebigatyň ýitgisine päsgelçilik döreder».

Täze koronawirusyň gelip çykyşyny ylmy taýdan ilkinji öwrenijiler bu kesele Wuhandaky “Huanan” lomaý söwda bazary bilen bagly diýendiklerini ABŞ-yň Döwlet sekretary ýatlatdy. Şeýle hem «guş dümewi» diýilýän H5N1belgili, adam öýkenine täsir ediji wirusyň hem şeýle bazarlardan başlanandygyny mälim etdi.

Wuhanyň “Baýşajou” bazarynda gözenekde duran ýabany siwetta. 2003-nji ýylda dörän SARS epidemiýasy birnäçe ýurtda ýüzlerçe adamyň ölümine getiripdi. Ol epidemiýa ýarganatdan ýokanç kesel alan siwettanyň etini iýen adamyň üstünden başgalara ýaýrady diýilýär. Şonda hytaý hökümeti 10 müň çemesi siwettany ýok etmäge buýruk berdi.
Wuhanyň “Baýşajou” bazarynda gözenekde duran ýabany siwetta. 2003-nji ýylda dörän SARS epidemiýasy birnäçe ýurtda ýüzlerçe adamyň ölümine getiripdi. Ol epidemiýa ýarganatdan ýokanç kesel alan siwettanyň etini iýen adamyň üstünden başgalara ýaýrady diýilýär. Şonda hytaý hökümeti 10 müň çemesi siwettany ýok etmäge buýruk berdi.

Şeýle-de bolsa, hytaýyň DIM-niň wekili Gen Şuan aprel aýynyň aýagynda ýurtda hiç hili «öl bazaryň» ýokdugyny resmi ýagdaýda mälim etdi. Ýabany haýwanlaryň satylmagy barada ol: «Men muňa derek Hytaýda köp şertlerde fermer bazarlaryny görmegiň mümkindigini aýdýaryn, olarda täze et, balyk, gök önümler, deňiz önümleri we beýleki oba hojalyk önümleri satylýar. Beýleki bazarlar bolsa, ýagny diri öý guşlary satylýan bazarlar örän azdyr» diýip, hytaý diplomaty žurnalistlere aýtdy. Ol Hytaýdaky ýaly bazarlaryň Günorta-Gündogar Aziýanyň hem-de ösýän ýurtlaryň köpüsinde bardygyny, bu bazarlaryň ýerli ilatyň durmuşy bilen ýakyn baglanyşykdadygyny öňe sürdi.

Gen Şuan öz çykyşynda halkara kanun aktlarynda şeýle bazarlaryň işlemegini gadagan edýän kanunyň ýokdugyny aýtdy. Öz gezeginde Hytaý hökümetiniň hut öz inisiatiwasy bilen ýabany haýwanlary kanunsyz awlamagy, olary satmagy hem-de olaryň etini iýmegi öňräkden gadagan edendigini belledi.

Hytaýda hem beýleki döwletlerde «ýabany tebigatyň önümini»satýan bazarlaryňsanynyň näçedigi belli däl. Şu ýylyň mart aýynda Bütindünýä ýabany tebigat fondunyň geçiren soraglaryna görä, Hytaýdan tapawutlylykda beýleki Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda ýabany haýwanlary satýan we hasapda durmaýan bazarlary doly ýapmak ideýasyny goldaýanlaryň sany artyp barýar. Hoň-Koňda, Ýaponiýada, Maýanmarda, Taýlandda hem Wýetnamda sorag geçirilen 5 müň çemesi adamyň 93% beýle karary goldaýandygyny aýtdylar.

Indoneziýanyň Sulawesi adasyndaky «öl bazarlaryň» birinde satuwa çykarylan ýarganatlar.
Indoneziýanyň Sulawesi adasyndaky «öl bazarlaryň» birinde satuwa çykarylan ýarganatlar.

Adatça «bushmeat»diýilýän ýabany haýwanlaryň eti diňe bir Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa döwletlerinde däl, meselem, Hindistanyň ähli ýerinde, şeýle-de Latyn Amerikasy bilen Afrikada-da satylýar.

Şu ýylyň aprel aýynyň başynda Hytaýyň Oba hojalyk ministrligi it etini iýmegi hemişelik sanawdan öçürdi. Ol edaranyň çap eden sanawynda, HHR-de ite ýönekeý öý haýwany hökmünde seretmeli däldigi görkezilýär. HHR-niň ol sanawynda doňuzlar, sygyrlar, towuklar hem hindi towuklary ýaly 13 görnüş «adaty haýwanlar» toplumyna girizildi. Hoň-Koňdaky haýwanlary goraýjy Animals Asiatoparynyň barlagy, Hytaýda her ýylda 10 million çemesi itiň hem 4 million pişigiň öldürilip iýilýändigini öňräk habar beripdi.

Hytaý hökümeti formal ýagdaýda 2020-nji ýylyň fewral aýynyň aýagynda ýabany haýwanlaryň etini satmaga hem ony iýmäge hemişelik gadaganlyk girizendigini mälim edipdi. Ýöne haýwanlary goraýjy guramalaryň hem-de amerikan Ýabany tebigaty goraýjylar jemgyýetiniň (Wildlife Conservation Society, WCS)duýdurmagyna görä, ol kabul edilen kanunda, beýle biznesi ýöretmek üçin, birnäçe örän mekir mümkinçilik galdyrylypdyr. Meselem, «medisina maksatlary» ýa-da sütükli derisi hem-de «ylmy maksatlar sebäpli» olary satmaga rugsat edilýär.

COVID-19ýaýraly bäri bütin dünýäniň köpçülikde tanaýan jandary ýabany pangolinleriň Hytaýda her ýylda 10 müňden az öldürilmeýändigini WCSjemgyýetiniň ýolbaşçylaryndan biri Deniel Çellenjer belleýär. Onuň eti, içki bagyr-öýkeni, dyrnaklary, dişleri hem bedeniniň beýleki bölekleri hamana «hytaýyň milli medisinasy» üçin örän möhüm saýylýar.

Wuhan şäheriniň “Huanan” bazaryndaky gözenekde duran pangolin.
Wuhan şäheriniň “Huanan” bazaryndaky gözenekde duran pangolin.

SARS-CoV-2 koronawirusynyň dünýä ýarap başlan pursatlary, şu ýylyň başynda žurnalist zenan Sonýa Şahyň «Pandemiýa. Ölüm ýaýradyjy wirusyň bütindünýä taryhy» atly kitaby Russiýada çapdan çykdy, kitapda, örän howply infeksiýalary ýaýratmakda hytaý bazarlarynyň nä derejede howludygy derňelýär.

«2002-nji ýylda emele gelen pandemiýa Günorta Hytaýyň Guandun welaýatynyň paýtagty Guançjouda döräpdi. Adatça bu wirusy ýaýradyjylar ýarganatlar bolup, bazara çykarylan ýarganatdaky wirus satuwda durlan beýleki haýwanlara – itlere, hytaý torsuklaryna, ýylanlara we başgala geçýär, şeýlelikde, wirus tebigat bilen öwrenişýär, ýagny mutasiýa geçýär. 2002-nji ýyldaky ýaýran şeýle wirus adamzada ölüm keselini getirdi» diýip, žurnalist ýazýar.

Häzirki ýagdaýdan tapawutlylykda, 2002-nji ýylda Hytaý hökümeti soňky möhlete çenli ol epidemiýany bütin dünýäden ýaşyrdy. Iki aýyň dowamynda ol epidemiýa Hoň-Koňa, Wýetnama hem beýleki döwletlere we başga kontinentlere ýaýrap bildi. Oňa SARS -«dem alyş ýolundaky agyr sindrom»ýa-da «adaty bolmadyk pnewmoniýa»diýildi.Ol «bary-ýogy»8 müň adama ýokuşdy, ölenleriň sany bolsa 774 adam diýlip, resmi maglumatda aýdyldy.

Sonýa Şah ol kitabynda ýene şeýle ýazýar: «Guançjou şäher bazaryny awtoulaglaryň tüssesi zäherläp dur. Söwdagärler özleriniň ýasan germewinde otyrlar, hut şol ýerde hem işleýärler hem alyjylara garaşýarlar. Ak plastmassa bedredäki bulanyk suwda 14 kilolyk deňiz pyşbagasy bar. Onuň gapdalyndaky gözenekde ýabany ördekler, horýoklar, ýylanlar hem ýabany pişikler dur. Biziň gözümiziň alnyndaky demir gözeneklerde tebigy ýagdaýda hiç wagt ýüzbe-ýüz bolunmaýan haýwanlarymyz goýlupdyr. Olar ýuwaş dem alyp, ajalyna garaşýarlar. Bu görnüş adaty bolmadyk pnewmoniýa – öýken keseliniň hut şu ýerden başlanandygy baradaky pikiri ýadyňa salýar».

Hytaýyň Ýuýlin şäherindäki bazara çykarylan diri itler, olaryň basym diriligine gowrulmagy mümkin.
Hytaýyň Ýuýlin şäherindäki bazara çykarylan diri itler, olaryň basym diriligine gowrulmagy mümkin.

«Gowaklarda ýaşaýan ýarganatlar, gamyşlykdaky siwetta hem agaçlarda bolýan jandarlar hiç wagtda goňşulykda bolmaýar, olaryň hiç biri-de adaty ýagdaýda adamyň golaýyna gelmeýär. Ýöne bu bazarda olar biri-biriniň golaýynda goýlupdyr, adamlar hem olaryň gapdalyndan geçýär. Adaty bolmadyk pnewmoniýanyň döremeginde ýarganatdan siwetta geçen wirusyň aýratyn orun eýeländigini aýdýarlar. Siwetta näme üçindir ol wirusa ýokaşmaga gaýym. Munuň özi wiruslaryň mutasiýa geçmegine giň ýol açýar. Netijede, ýarganatdaky kesel dörediji patogenler başga jandarlara geçip, adamyň kesellemegine getirýär»​ diýip, Sonýa Şah ýazýar.

Material AÝ/AR-nyň Gazakgullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG