Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň nebit daşaýjy gämisi Wenesula bardy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň we Waşingtonyň sanksiýalaryna sezewar bolan iki ýurduň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenen wagtynda Eýranyň nebit daşaýan birinji tankeri Wenesuelanyň portuna bardy.

Eýranyň iňlis dilli Press TV telekanalynyň 25-nji maýda habar bermegine görä, Eýranyň Günorta Amerika ýurduna ýollan nebitli bäş tankeriniň biri Wenesuelanyň PDVSA döwlet nebit kompaniýasynyň dolandyrýan El Palito portuna barypdyr.

Gämi gatnawyna syn edýän "MarineTraffic" agentligi hem eýran gämisiniň Wenesuela barandygyny tassyklady. Gämi 43 million litr nebit alyp bardy.

Eýranyň ikinji gämisi "Forest" 23-nji maýda Karib deňzine bardy. Gämileriň ýene üçüsi Atlantik deňzinde Wenesuela tarap barýar.

Bu gämileriň hiç birinde ABŞ-nyň goşulyşmagynyň alamatlary ýok, şu aýyň başynda Waşington gämi gatnawy babatynda "çäreleri" göz öňünde tutýandygyny aýdypdy. Eýran ABŞ-nyň hereketlerine gaýtawul berjegini duýdurypdy.

Eýranyň bäş gämisi Latin Amerikanyň bir wagtky iň uly nebit öndürijisi bolan Wenesuela umumy bahasy $45.5 million dollarlyk azynda 1.53 million barrel nebit alyp barýar. Bu ýurt energiýa ýetmezçiligini başdan geçirýär.

XS
SM
MD
LG