Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglykdaky gyrgyz syýasatçysynyň aýal dogany Polşada tussag edildi


Raikul Japarowa
Raikul Japarowa

Tussaglykdaky gyrgyz syýasatçysy Sadyr Japarowyň aýal dogany Raikul Japarowa Bişkekdäki resmileriň haýyşy boýunça Polşada tussag edildi.

Gyrgyz Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugynyň 26-njy maýda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Japarowa dört gün ozal Polşanyň häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi we häzirki wagt onuň Gyrgyzystana ekstradisiýa edilmegi barada Warşawa bilen gepleşikler geçirilýär.

Ministrligiň maglumatyna görä, Raikul Japarowa 2014-nji we 2015-nji ýyllarda gaýybana sud edildi we pul ýuwmakda, galplykda hem-de wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapyldy.

Soňra ol heniz hem daşary ýurtda mahaly, Bişkekdäki iki sud tarapyndan 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Japarowa garşy bildirilýän aýyplamalar, onuň Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň ogly Maksim Bakiýew bilen ilteşigi bilen baglanyşykly. Häzirki wagtda Belarusda ýaşaýan Kurmanbek Bakiýew 2010-njy ýylda geçirilen hökümete garşy ýowuz demonstrasiýalarda häkimiýet başyndan agdarylypdy.

Kurmanbek Bakiýew we onuň ogly Maksim birnäçe aýyplama esasynda ömürlik türme tussaglygyna gaýybana höküm edildi. Olaryň ikisi-de Bişkek tarapyndan gözlenýär.

XS
SM
MD
LG