Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki özbek žurnalisti tankydy belliklerden soň işden çykaryldy


Jamoliddin Bobojonow we Bobur Akmalow
Jamoliddin Bobojonow we Bobur Akmalow

Iki özbek sport žurnalisti maý aýynyň başynda bendiň ýarylmagynyň weýrançylykly netijeleri barada döwlet tele-kanalynyň taýýarlan maglumatlaryny tankyt edensoň, işden çykaryldy. Bendiň ýarylmagy netijesinde azyndan dört adam ölüpdi we başga-da on müňlerçe ýaşaýjy başga ýere göçürilipdi.

Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen söhbetdeş bolan Sport telewideniýesiniň we radiosynyň bir resmisi 25-nji maýda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna interwýu berip, Sport telewideniýesiniň redaktory Bobur Akmalowyň we kanalyň baş müdiri Jamoliddin Bobojonowyň işden çykarylandygyny aýtdy.

Resmi goşmaça maglumat bermedi. Ýöne bu maglumat ýerli habar beriş serişdeleriniň Akmalowyň we Bobojonowyň 22-nji maýda işinden çekilýändikleri barada arza berenden soň, wezipelerinden boşadylandygy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Daşkentde ýaşaýan we ýagdaýdan habarly başga bir žurnalistiň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Akmalow we Bobojonow 18-nji maýda Oriat Dono radiostansiýasy tarapyndan efire berlen “Futbol Plus” gepleşiginde öz pikirlerini beýan edendikleri üçin wezipelerinden çekilmäge mejbur edildiler.

XS
SM
MD
LG