Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Kongda milli gimn kanun taslamasy täze protestleri döretdi


Hong Kongda polisiýa protestçileri dargadýar. 27-nji maý.
Hong Kongda polisiýa protestçileri dargadýar. 27-nji maý.

Hong Kongda polisiýa 27-nji maýda şäheriň merkezi etrabynda ýygnanan demonstrantlary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary ulandy. Protestçiler Hytaýyň milli gimniniň “kemsidilmegini” jenaýat hökmünde häsiýetlendirjek kanun taslama garşy çykdylar.

Şäherde günortana çenli azyndan 17 protestçi, şol sanda 14 we 15 ýaşyndaky studentler hem tussag edildi.

Eger-de kanun kabul edilse, ol Hong Konguň ähli mekdeplerinde Hytaýyň gimnini öwrenmegi we “degişli pursatlarda” “ähli kişiniň” ony aýtmagyny borçlandyrýar.

Kanun kabul edilen ýagdaýynda, “Meýletinleriň marşy” atlandyrylýan gimniň “kemsidilmegi we hyýanatçylykly ulanylmagy” üçin üç ýyla çenli türme tussaglygy we 6 müň dollara çenli pul jerimesi berlip bilner.

Şäheriň geňeşi kanun taslamany 27-nji maýda geçiriljek ikinji diňlenişikde hem kabul etse, onda iýunda ol boýunça üçünji diňlenişik we ses berilişik geçiriler.

Bu aralykda, Pekin Hong Kongda milli howpsuzlyk kanunyny hem ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu Hytaýyň howpsuzlyk gulluklarynyň şäherde hereket etmegine mümkinçilik berer.

XS
SM
MD
LG