Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-nyň Owganystandaky esgerlerini çykarmak üçin ‘kesgitli’ wagtyň ýokdugyny aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky esgerlerini çykarmak üçin entek kesgitlenen anyk wagtyň ýokdugyny aýtdy.

“Biz bu ýerde eýýäm 19 ýyl. Meniň pikirimçe, bu ýeterlik... Biz islesek ol ýere hemişe-de dolanyp bileris” diýip, Tramp 26-njy maýda çykyş etdi.

“Entek kesigtlenen wagt ýok. Emma esas boldugy dessine” diýip, Tramp sözüne goşdy.

ABŞ bilen “Talybanyň” fewralda baglaşan ylalaşygyna laýyklykda, Birleşen Ştatlary “Talybanyň” howpsuzlyk borçnamalarynyň öwezine bu ýurtdan esgerlerini çykarmagy öz üstüne alypdy.

Bu aralykda, 26-njy maýda owgan hökümeti 900 “Talyban” jeňçisini türmeden boşatdy.

XS
SM
MD
LG