Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen lideri Kadyrow özüniň sagatdygyny aýdýar, ýöne COVID-19 üçin keselhanada galandygyny inkär etmeýär


Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrow

Özüniň COVID-19 sebäpli keselhana ýerleşdirilendigi barada mediada ýaýran habarlary görnetin basyp ýatyrmak synanyşygynda Ramzan Kadyrow özüni gowy duýýandygyny aýdy.

“Meniň jan-saglygym örän gowy” diýip, çeçen lideri 27-nji maýda kömekçisi Ahmet Dudaýew bilen Instagramda çykan göni efirinde aýtdy.

26-njy maýda Groznyda geçirilen telewizion ýygnakda sag elinde görnüp duran saglyk enjamyna üns çeken media habarlaryna salgylanmak bilen, ol bu ýerde üýtgeşik zadyň ýokdugyny aýtdy, ýöne özüniň keselhanada bolandygyny inkär etmedi.

“Men syrkawladym diýeli, ýöne dünýäde millionlarça adama koronawirus ýokaşýar ahyry, onlarça müň adam öldi, men näme adam dälmi?” diýip, ol aýtdy.

“Meniň näme syrkawlamaga hakym ýokmy? Meniň öz imunitetimi, gemoglobin derejämi güýçlendirmek üçin saglyk enjamyny dakynmaga hakym ýokmy?” diýip, ol belledi.

Rus habar agentlikleri geçen hepde 43 ýaşly Kadyrowyň Moskwa äkidilendigini we koronawirusda güman edilip, keselhana ýerleşdirilendigini habar berdi.

Kadyrow ilatynyň agramly bölegi musulmanlar bolan Çeçenistany 2007-nji ýyldan bäri demir ýumruk bilen dolandyryp gelýär.

Ol prezident Wladimir Putiniň wepaly ýaranydyr we Demirgazyk Kawkaz regionynda dürli hukuk bozmalarda aýyplanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG