Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Kongresi Hytaýa sanksiýa talap edýän uýgur hukuklary boýunça kanun taslamasyny kabul etdi


ABŞ-nyň Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi

27-nji maýda ABŞ-nyň Wekiller öýi, Waşington bilen Pekiniň arasyndaky dartgynly gatnaşyklara ýene bir mesele goşup, uýgur musulman azlyklaryna edilen zulum sebäpli prezident Donald Trampy Hytaýa sanksiýa girizmäge çagyrýan kanun taslamasyny makullady.

Şu aýyň başynda Senatda biragyzdan kabul edilen kanun uýgur musulmanlara garşy adam hukuklarynyň bozulmagyna gatnaşan Hytaýyň ýokary derejeli hökümet resmilerine garşy sanksiýa girizer.

“Pekiniň uýgur halkyny nyşana alýan wagşy hereketleri dünýäniň umumy wyždany üçin gabahatdyr” diýip, Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi Uýgur Adam Hukuklary Aktyny goldap eden çykyşynda aýtdy.

413-1 ses bilen kabul edilen kanun taslamasy indi prezidentiň goly ýa-da wetosy üçin Ak tama gider.

Şu hepdäniň başlarynda Tramp kanun taslamasyna gol çekmegi berk göz öňünde tutýandygyny aýtdy we administrasiýa Hytaýyň Hong Kongda girizmegi meýilleşdirýän milli howpsuzlyk kanunyna garşy hem dürli çäreleri görýär.

Birleşen Milletler Guramasy we hukuk toparlary Hytaýy günbatar Sinszýan welaýatynda bir milliona golaý türk dilli uýgury we beýleki azlyklary ektremizme garşy göreş bahanasy bilen konslagerde saklamakda aýyplaýar.

Pekin bu aýyplamalary ret edip, azlyk toparyň hünär öwreniş lagerlerinde saklanýandygyny öňe sürýär.

Hytaý uýgurlar boýunça özüniň içerki işleri diýýänine gatyşjak islendik ABŞ çäresine garşy ar alynjakdygy barada duýduryş berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG