Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda kanun goraýjy edaralar bugdaýa gözegçiligi güýçlendirýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda un ýetmezçiligi türkmen häkimiýetlerini bugdaý ekinlerine gözegçiligi güýçlendirmäge mejbur edýär. Bu barada "Turkmen.news" neşiri Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky çeşmelerine salgylanyp, 27-nji maýda habar berdi.

"Türkmenistanda galla oragynyň başlanmagynyň öňýanynda, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri bugdaý ekinleriniň goragyny güýçlendirmek hem-de kärendeçi daýhanlar tarapyndan ýa-da daşamak, saklamak we gaýtadan işlemek wagtynda bugdaý hasylynyň ogurlanmagynyň öňüni almak barada görkezme berdiler" diýip, neşir ýazýar.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagt Daşogzuň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly S.Türkmenbaşy etrabynda ekinleriň ýagdaýyny, kombaýnlary, awtoulaglary, traktor tirkeglerini, satyn alyş nokatlaryny we ammarlary uçdantutma barlamak işleri geçirilýär. Bu barlaglary welaýat merkezinden gelen ýörite komissiýa amal edýär.

"Olaryň wezipesi ýitgileriň, hususan-da galla hasyly daşalanda we ammarda galla ogurlygynyň öňüni almakdan ybarat. Bu komissiýa şol ýerde kombaýn operatorlarynyň, ýük awtoulag sürüjileriniň we satyn alyş guramasynyň wekillerinden düzülen ýygnamak hem-de transport toparlaryny döredýär" diýip, neşir belleýär.

Neşiriň maglumatyna görä, bu toparyň düzümine kanun goraýjy edaralaryň wekilleri - Içeri işler ministrliginiň ýa-da Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri hem girýär. Olar, önümçilik zynjyrynyň dowamynda gallany hiç kim ogurlap bilmez ýaly, her bir kärendeçä, kombaýn operatoryna, sürüjä we satyn alyş işgärlerine gözegçilik edýärler.

Ýatlatsak, bu barada mundan ozal Azatlyk Radiosynyň habarçylary hem habar beripdiler.

17-nji maýda Azatlygyň habarçysy welaýatlarda we Aşgabatda azyk, şol sanda un we çörek üpjünçiliginiň ýagdaýy ýabygorly galýan wagty, ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň işgärlerinden hem-de harbylardan ybarat ýörite toparlaryň nobatdaky galla möwsüminde Lebap welaýatynda ösüp oturan bugdaýlary garawullamaga taýýarlyk görýändigini aýdypdy.

Şonda habarçy Lebapda häkimiýetleriň öňümizdäki bugdaý möwsüminde bişen galla hasylynyň ogurlanmak ähtimallygyndan howatyr edýändigini hem belläpdi.

Habarçy güýç edaralarynyň arasynda şeýle aladalaryň güýjemegine welaýatyň çäginde şu günler ösüp ýetişen gök-bakja hasyllarynyň barha köp ogurlanmagynyň esas döredýändigini hem aýdypdy.

Bu aralykda, 28-nji maýda Azatlygyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki habarçysy, şu günler kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň mal-garalary üçin kiçi awtoulagynyň arkasynda haşal otlary alyp barýan kärendeçileri-de ýolundan saklap, olary jikme-jik barlaýandygyny habar berýär.

"Baýramalynyň "Gökdepe" daýhan birleşiginde bir kärendeçi öz bugdaý meýdanyndan mallary üçin haşal otlary ýygyp, kiçi awtoulagynyň arkasyna atyp, öýüne ugranda ony ýoluň ugrunda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri saklaýarlar. Olar daýhandan awoulagyndaky ähli oty düşürmegi soraýarlar. Daýhan näme bolanyna düşünmän sebäbini soranda, "düşürmäne gorkýaň welin, otuň arasynda bugdaý alyp barýarsyňmy?" diýýärler. Olar oty aýaklary bilen dörýärler-de, hiç bir bugdaýyň çöpüni hem tapman, ulaglaryna münüp gidýärler" diýip, habarçy ýakynda bolan bir wakany gürrüň berdi.

Ol bu wakanyň netijesinde daýhanyň ysgyndan düşendigini we awtoulag sürmäge ýagdaýynyň bolmandygyny belläp, ogluna jaň edip kömek sorandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Türkmen howpsuzlyk edaralarynyň ýerlerde bugdaý hasyly ýetişende, onuň gözegçiligine hem-de ýetişen hasyly kärendeçileriň döwlete tabşyrmak işine polisiýa işgärlerini çeken pursatlary mundan ozalky ýyllarda hem bolupdy. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu ýyl munuň has güýçli depginde amala aşyrylýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda howpsuzlyk edaralarynyň bugdaý hasylyna gözegçiligi güýçlendirmegi, ýurtda un we çörek ýetmezçiliginiň ýitileşen we munuň bilen bagly döwlet dükanlarynyň oňünde adamlaryň uly nobatlarynyň saklanyp galýan mahalynda amala aşyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG