Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmiler: Ýaraşyk gutaraly bäri amala aşyrylýan ilkinji “Talyban hüjüminde” owgan harbylary öldürildi


Owganystanyň Parwan welaýatynda ýerleşýän Bagram türmesinden boşadylan "Talyban" tussaglary. 26-njy maý, 2020-nji ýyl.
Owganystanyň Parwan welaýatynda ýerleşýän Bagram türmesinden boşadylan "Talyban" tussaglary. 26-njy maý, 2020-nji ýyl.

Demirgazyk Parwan welaýatynda resmileriň “Talybany” günäkärlän hüjüminde ýedi owgan esgeri öldürildi – bu ýaraşyk gutaraly bäri amala aşyrylan ilkinji heläkçilikli wakadyr.

28-nji maýda welaýat häkiminiň metbugat sekretary Wahida Şahkar söweşijileriň Parwanda bir barlag nokadyna hüjüm edendigini aýtdy.

“Talybanyň hem adam ýitgileri bar” diýip, Şahkar sözüne goşdy.

Etrap polisiýasynyň başlygy Huseýin Şah söweşijileriň barlag nokadyny ot berip, bäş howpsuzlyk işgärini öldürendigini aýtdy. Ýene iki adam atylyp öldürildi.

“Talyban” bu hüjümi dessine öz üstüne almady. Hüjüm söweşijileriň yglan eden hem-de 26-njy maýda tamamlanyp, zorlugyň arasyna seýrek arakesme girizen üç günlük ýaraşykdan soň, duşmançylygyň ilkinji gezek täzeden başlamagydyr.

Hökümet uzak wagtlap yza tesdirilen parahatçylyk gepleşiklerini başlamak üçin söweşijileri ýaraşygy uzaltmaga çagyrdy.

Ýaraşyk wagtynda owgan häkimiýetleri 1 müň töweregi “Talyban” tussagyny boşatdy. Bu “Talybanyň” ýaraşyk çäresine jogap hökmünde hökümetiň 2 müň tussagy boşatmak wadasynyň bir bölegidir.

27-nji maýda “Talybanyň” ýokary derejeli bir agzasy AFP habar agentligine söweşijileriň 50 – 100 töweregi owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzasyny 28-nji maýda boşatmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG