Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Hong Kong awtonomiýasynyň “düýpli” gowşandygyny aýdýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Döwlet sekretary Maýk Pompeo ABŞ administrasiýasynyň mundan beýläk Honk Kongy Pekin tarapyndan wada berlen ýokary awtonomiýa hukugyndan peýdalanyp bilýän ülke hökmünde görmeýändigini, şonuň üçin bu maliýe merkeziniň ABŞ kanunçylygyna laýyklykda hödürlenýän ýörite artykmaçlyklardan mundan beýläk peýdalanmaga mynasyp däldigini Kongrese habar berdi.

“Bir döwürler Birleşen Ştatlary erkin we abadan Hong Kong awtoritar Hytaý üçin nusga bolar diýip umyt edipdi, ýöne indi Hytaýyň Hong Kongy öz göreldesine eýerdýändigi äşgär boldy” diýip, Pompeo Pekiniň ozalky britan koloniýasynda jedelli täze howpsuzlyk kanunyny geçirmegine garaşylmagynyň öňüsyrasynda 27-nji maýda beren beýanatynda aýtdy.

Pompeonyň kanun çykaryjylara beren habary 1997-nji ýylda Hytaýyň gol astyna dolanaly bäri Hong Konga berlen söwda we maliýe artykmaçlyklaryny Birleşen Ştatlaryň yzyna almagyna esas döredýär.

Pompeonyň bu ädimi belli bir artykmaçlygyň ýatyrylmagy bilen utgaşmady, ýöne bu çykyş Pekiniň hytaý howpsuzlyk agentliklerine Hong Kongda operasýa geçirmäge rugsat berýän täze kanunyna garşy Birleşen Ştatlaryň we beýlekileriň reaksiýa bildirmäge çagyrýan wagtyna gabat geldi. Şeýle-de bu kanunçylyk dönükligi, bölünişigi, agdarylyşygy, pitneçiligi we daşary ýurt gatyşygyny gadagan edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG