Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý parlamenti Hoňkoň üçin gapma-garşylykly howpsuzlyk kanunyny goldaýar


Hytaý parlamenti kanun taslamasyna ses berýär. Pekin, 28-nji maý, 2020.

Hoňkoň ilatynyň köpüsi, işewür toparlar we günbatar ýurtlary bu kanunyň sebitiň aýratyn durumyny ýatyrmagyndan, raýat azatlyklaryny bozmagyndan we syýasy işjeňligi basyp ýatyrmak üçin ulanylmagyndan alada edýärler.

Hytaýyň jübi parlamenti Hoňkoň üçin milli howpsuzlyk kanunyny tassyklap, köçe protestleriniň täze tapgyryna sebäp boldy hem-de ABŞ we Angliýa bilen gatnaşyklary dartgynlaşdyrdy.

Milli Halk Gurultaýy (MHG) bu kanun taslamasyny 28-nji maýda, koronawirusa garşy güýçli gözegçilik astynda geçirilýän ýyllyk mejlisini tamamlanda tassyklady.

Syýasy kararlar esasan Kommunistik partiýanyň ýokary ýolbaşçylary tarapyndan kabul edilensoň, MHG köplenç il gözüne işledilýän dabaraly gurama bolup galýar.

Geçen ýyl ýörite durumly sebitde köplenç zorluk-sütem bilen utgaşan, demokratiýa tarapdar köpçüligiň gatnaşmagynda guralan köçe protestlerinden birnäçe aý soň kabul edilen täze kanun dönükligi, agdarylyşygy, pitneçiligi we daşardan gatyşylmagyny gadagan edýär.

Şeýle-de ol Pekine, protestleriň öňüni almak üçin, Hoňkoňda materik howpsuzlyk gulluklarynyň gözegçilik nokatlaryny döretmek mümkinçiligini berýär.

Bu kanun Hoňkoňyň kanun çykaryjy organyny, Kanunçylyk geňeşini hasaba almaýar.

Hoňkoň ilatynyň köpüsi, işewür toparlar we günbatar ýurtlary bu kanunyň sebitiň aýratyn durumyny ýatyrmagyndan, raýat azatlyklaryny bozmagyndan we syýasy işjeňligi basyp ýatyrmak üçin ulanylmagyndan alada edýärler.

Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görlen çäreleriň çäginde köpçülikleýin ýygnanyşyklaryň gadagan edilendigine garamazdan, bu çäre müňlerçe demonstranty 24-nji maýda şäheriň köçelerine çykmaga mejbur etdi.

Pekiniň bu ädimi ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Kongresi ABŞ administrasiýasynyň Hoňkoňa mundan beýläk Hytaý tarapyndan wada berlen ýokary özbaşdaklyk hukugyndan peýdalanýan sebit hökmünde seretmeýändigi, şonuň üçin indiden eýläk bu maliýe merkezine ABŞ kanunlary esasynda aýratyn çemeleşmäniň zerur däldigi bilen habarly etmegine sebäp boldy.

Pompeo 27-nji maýda eden çykyşynda "Amerikanyň Birleşen Ştatlary bir zaman erkin we gülläp ösýän Hoňkoň awtoritar Hytaý üçin nusga bolar diýip umyt edipdi, ýöne indi Hytaýyň Hoňkoňy öz göreldesine eýerdýändigi äşgär bolýar" diýdi.

Pompeonyň kanun çykaryjylara iberen bildirişi Birleşen Ştatlaryň Hoňkoňa beren artykmaç söwda we maliýe durumyndan çekilmegine esas döredýär. Hoňkoň bu amatly ýagdaýdan 1997-nji ýylda britanlardan Hytaý dolandyryşyna geçeli bäri peýdalanyp gelýärdi.

"Pekiniň bu aýylganç karary onuň Hoňkoňyň özbaşdaklygyny we azatlyklaryny, Hytaýyň özüniň hytaý-britan jarnamasynda beren wadalaryny, BMG-de taýýarlanan halkara şertnamasynda hoňkoň halkyna berlen wadalaryny düýpli bozmagynyň diňe soňky mysaly" diýip, Pompeo aýtdy.

Pompeonyň bu göçümi haýsam bolsa bir aýratynlykdaky ýeňillikleriň ýatyrylmagy bilen utgaşmady.

Hoňkoň polisiýasy 27-nji maýda teklip edilýän howpsuzlyk kanuny astynda, şeýle-de başga bir kanun taslamasynda Hytaýyň milli gimniniň "kemsidilmeginiň" jenaýata öwrülmegi bilen baglylykda, 300-den gowrak adamy tussag etdi we burç toplaryny atdy.

Hoňkoň geçen ýyl birnäçe aýlap dowam eden, köplenç zorluga ýazan demokratiýa tarapdar protestlere şaýat boldy, Hytaýyň şäheri barha kän gysymyna gasmagy millionlarça adamy köçe protestlerine çykardy.

Emma muňa garamazdan, Hoňkoňyň ýerine ýetiriji başlygy Karri Lam şäheriň azatlyklaryna howp abanýandygyny ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG