Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almaty şäheriniň golaýynda COVID-19 pidalary üçin ýörite gonamçylykdaky mazarlaryň sany köpeldi


Almaty sebitindäki ýörite gonamçytlykda adam jaýlaýanlar. 25-nji maý, 20202.

Almaty sebitiniň Karaoý obasynyň golaýyndaky ýörite gonamçylykda jaýlananlaryň sany alty adama çenli köpeldi.

Birnäçe gün öň, 25-nji maýda bu ýerde 32 mazar bardy. 29-njy maýda ol ýere baryp gören habarçylar mazarlaryň sanynyň 38-e ýetendigini gördüler. 29-njy maýda öýlän gonamçylygyň şertli hristian böleginde 20 sany mazar, musulman böleginde 18 mazar bardy.

Resmi maglumatlara görä, Almaty şäherinde koronawirusdan ölenleriň sany öňküleri ýaly 10 bolup durýar. Almaty sebitinde COVID-19-dan ölen adamlar resmi taýdan hasaba alynmady.

Azatlygyň Gazak gullugynyň habarçysy täze mazarlaryň daşyna germew goýulmandygyny, diňe belgili tagtalaryň oturdylandygyny aýtdy. 5-nji gün öýlän bu golaýda hiç kim tapylmady.

Azatlygyň häkimiýetlerden düşündiriş almak synanyşygy şowsuz boldy.

Wirus pidalarynyň resmi sany bilen hepdäniň başynda bu gonamçylykda jaýlananlaryň arasyndaky tapawut barada metbugatda maglumat çap edildi. Şimkent we Nur-Soltan şäherlerinde hem şuňa meňzeş ýagdaýyň bardygy aýdylýar.

Gazagystanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatyna görä, ýurtda koronawirus pidalarynyň sany 37, 4900 näsag bejerildi, Gazagystanda kesel ýokaşanlaryň umumy sany 10 müňe golaý.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG