Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan bir ýylda oba hojalygynyň eksportyny iki esse köpeltdi


Gyrgyz goýunlary
Gyrgyz goýunlary

2020-nji ýylyň birinji çärýeginde, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Gyrgyzystanyň oba hojalyk önümleriniň eksporty 112% ýokarlandy.

Bu 5 milliard 383 million soma barabar bolýar diýip, Oba hojalygy, azyk senagaty we meliorasiýa ministri Erkinbek Çodyýew brifingde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 382,5 million soma barabar maldarçylyk önümleri eksport edildi. Hususan-da, janly mal eksporty 78% ösdi. Üç aýyň dowamynda daşary ýurda 8800 mal satyldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2400 malyň köp satylandygyny görkezýär.

Ekerançylyk önümleriniň eksporty iki esse artdy. 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde 17 müň 287 tonna guradylan miwe eksport edilen bolsa, bu ýyl - 28 müň 542 tonna guradylan miwe daşaryk satyldy

Gaýtadan işlenen azyk önümleriniň eksporty 17,6% ýokarlandyrdy. Süýt eksportynyň ösüşi 35,8 göterime ýetip, iň ýokary boldy. Geçen ýyl 7940 tonna süýt eksport edildi, bu ýyl - 1960 tonna köp süýt satyldy.

Ýurduň umumy eksportynda oba hojalygyna düşýän paý hem ýokarlandy.

"Gyrgyzystanyň oba hojalyk önümlerini Gazagystanyň üsti bilen adaty bazarlara eksport etmek üçin ähli mümkinçilikler bar" diýip, Çodyýew şu günki günde tranzit serhetleriniň açykdygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG