Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harasatyň netijeleri baradaky maglumatlar aradan bir aý geçenden soňra, heniz hem gümürtikliginde galýar


Türkmenabatda turan apy-tupan, 27-nji aprel, 2020-nji ýyl.
Türkmenabatda turan apy-tupan, 27-nji aprel, 2020-nji ýyl.

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turan tupandan bir aý çemesi wagt soň, onuň netijeleri we pida bolan adamlar baradaky maglumatlar heniz hem gümürtikliginde galýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat gümürtikliginiň arasynda harasatyň netijelerini öwrenmäge synanyşýar.

29-njy maýda habarçymyz harasatdan soň Lebapda aradan çykan üç adam we maýyp galan bir adam barada maglumat berdi:

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda atasy bilen onuň Birinji derejeli maýyplygy bolan ogly, iki adam, harasatdan soň öýlerinde şemden tutaşan ýangynda ýaralanyp, soňra Lebabyň welaýat hassahanasynda aradan çykýar. Harasatda welaýatyň elektrik üpjünçiligi kesilendigi sebäpli, “olar gije şem ýakyp ýatypdyrlar” diýip, habarçy aýtdy.

Çärjew etrabynda ýene-de bir maşgalada 22 ýaşly ogly bilen onuň ejesiniň harasat wagtynda öýleriniň aşhanasynda olaryň üstüne diwar ýykylýar, ogly aradan çykýar, ejesi ýykylan diwardan ejir çekip, Birinji derejeli maýyp bolup galýar.

Habarçy harasatyň netijesinde maýyp galan adamlaryň has köpdügini habar berýär.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap we Mary welaýatlarynda ýüze çykan harasatyň netijesinde azyndan 35 adamyň aradan çykandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň hökümeti we döwlet media serişdeleri bu tebigy heläkçilik barada henize çenli dil ýarmaýar.

“Gynansak-da, ölen adamlar barada maglumat almak, olaryň atlaryny we ölüm ýagdaýlaryny anyklamak gaty kyn. Şäher ilaty munuň üçin jeza çekmekleriniň mümkindigini bilip, artykmaç geplemekden gorkýar” diýip, turkmen.news neşiri 28-nji maýda harasat barada çap eden soňky habarynda aýtdy.

Neşiriň habaryna görä, harasatdan soň Lebabyň merkezi Türkmenabat şäheriniň “Görogly” seýilgähiniň hem-de “Gök bazaryň” gabatlaryndaky ýaşaýyş jaýlarda elektrik we suw üpjünçiligi häli-şindi kesilip durýar. “27-nji maýda takmynan agşam sagat 8:00 töwereklerinden daňdan sagat 3:00-e çenli tutuş şäherde çyra ýokdy” diýip, neşir ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy hem regionyň kadasyz elektrik üpjünçiligi barada maglumat berdi:

“Elektrik energiýasynyň akymy has azaldy, 180 woltdan 200 wolta zordan çykýar. Şol sebäpden kondisionerler işlänok” diýip, habarçy aýtdy.

“Howanyň yssysy şu günler Lebapda 45 gradusa çenli çykýar” diýip, ol sözüne goşdy.

Onuň maglumatlaryna görä, sebitiň ilaty harasatyň yzda galdyran weýrançylygyny aradan aýyrmakda, zyýan ýeten jaýlary dikeltmek üçin zerur bolan gurluşyk materiallarynyň üpjünçiligi bilen bagly käbir kynçylyklara sezewar bolýar.

Habarçy Lebapda çüýüň bahasynyň iki esse gymmatlandygyny, üçek basyrgylaryny täzeden dikeltmek üçin ýaşaýjylaryň harasatyň yzýany galan-gaçan egri çüýlerden peýdalanýandyklaryny, bu işlere Türkmenabadyň Jemagat hojalygynyň işgärleriniň hem gatnaşýandygyny habar berdi.

“Marydan gelýän şiferler asla satuwdan ýitdi” diýip, lebaply habarçy aýtdy.

13-nji maýda maryly habarçymyz, Maryda şiferleriň Lebaba ugradylýandygynyň aýdylýandygyny habar berdi.

Habarçymyzyň soňky maglumatyna görä, Lebapda köp gatly jaýlaryň üçek basyrgylaryna has köp zyýan ýetipdir, olary dikeltmek işlerine aşgabatly telekeçiler hem gatnaşýar.

“Olar jaýlaryň üçeklerine ýaşyl reňkli, uzynlygy 6 metrlik täze demir şiferleri goýýarlar” diýip, ol aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary Lebap welaýatynyň häkimligine tassykladyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG