Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda meýletinçileriň häkimiýetlerden ýaşyryn bildirýän raýdaşlygy seslenme döretdi


Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleriniň bu sany paýtagtdan Lebaba meýletinçi raýatlaryň özbaşdak başlangyçlary bilen häkimiýetlerden ýaşyryn iberýän ýardamlary hem-de olara okyjylarymyzyň we diňleýjilerimiziň bildiren seslenmelerine gönükdirilýär.

Soňky birnäçe gün bäri Türkmenistandan paýtagt Aşgabadyň käbir ýaşaýjylarynyň harasatdan ejir çeken Lebap welaýatynyň halkyna bildirýän raýdaşlygy, olaryň öz raýyna meýletin ýygnaýan ynsanperwer ýardamlary barada habarlar gelip gowuşýar.

Aşgabatly meýletinçileriň arasynda Lebaba ibermek üçin ýygnalan ýardamlar baradaky habarlar okyjylarymyzyň, tomaşaçylarymyzyň we diňleýjilerimiziň arasynda belli bir derejede rezonans döretdi.

Olaryň teswirlerinde dürli pikirler, şol sanda meýletin herekete bildirilýän goldaw, häkimiýetlere bildirilýän tankydy pikir-garaýyşlar beýan edilýär. Ýöne bellemeli ýeri köp adam bu habarlara biperwaý galmandyr, isle oňyn, isle oňaýsyz öz pikir-garaýyşlaryny we öz pozisiýalaryny beýan edipdirler.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany paýtagtdan Lebaba meýletinçi raýatlaryň özbaşdak başlangyçlary bilen häkimiýetlerden ýaşyryn iberýän ýardamlary hem-de olara okyjylarymyzyň we diňleýjilerimiziň bildiren seslenmelerine gönükdirilýär.

Gepleşigimizi aşakdaky döwmä basyp diňläp bilersiňiz!

Aşgabatda meýletinçileriň häkimiýetlerden ýaşyryn bildirýän raýdaşlygy seslenme döretdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00



Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG