Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde bir işçi 24 kärdeşine wirus ýokaşdyrdy, Gyrgyzystan içerki uçar gatnawlaryny dikeldýär


 Manas halkara uçar menzili
Manas halkara uçar menzili

Soňky 24 sagadyň dowamynda Gyrgyzystanda 60 sany täze COVID-19 ýokaşmasy hasaba alyndy.

Täze kesel ýokaşmalarynyň 52-si adamlaryň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly bolup çykdy.

Saglyk ministriniň orunbasary Nurbolot Usenbaýew metbugat üçin guralan ýygnakda Bişkek şäheriniň bir ýaşaýjysynyň ýokanç keseliň alamatyny görkezmezden wirus geçirijä öwrülendigini aýtdy.

“Koronawirusa şübheli garaýan adamlar bar, ýöne bu ýokanç keseliň adamdan adama ýokaşýandygyny we çalt ýaýraýandygyny ýene bir gezek ýatladýarys. Mysal üçin, paýtagtda koronawirusa ýolugan bir adamda hiç bir kesel alamaty ýüze çykmady. Ol işe gelmegini we öz işini etmegini dowam etdirdi. Gynansagam, gysga wagt içinde bu işçi bilen aragatnaşykda bolan 60 adamyň 24-sinde wirus ýüze çykaryldy. Mundan başga, onuň maşgala agzalarynyň arasynda hem kesel ýokaşanlar bar” diýip, Usenbaýew adamlary arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmäge, olara jogapkärçilikli çemeleşmäge çagyrdy.

30-njy maýda Gyrgyzystanda koronawirus ýokaşan näsaglaryň umumy sany 1722-ä ýetdi, şolardan 1113 adam bejergi alandan soň keselhanalardan boşadyldy, 16 adam öldi.

Şu aralykda Gyrgyzystan, 8-nji iýundan başlap, içerki uçar gatnawlaryny dikeltjekdigini yglan etdi.

Premýer-ministriň birinji orunbasary Kubatbek Boronowyň aýtmagyna görä, Bişkek-Oş uçuşlary günde bir gezek amala aşyrylar.

XS
SM
MD
LG