Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da ýaragsyz garaýagyz adamyň ölümi sebäpli guralan protestler zorluga ýazdy


Protestçiler. 28-nji maý, 2020. Minneapolis
Protestçiler. 28-nji maý, 2020. Minneapolis

Minneapolisde tussag edilen ýaragsyz garaýagyz adamyň akýagyz polisiýa ofiseri sebäpli ölmegine garşy nägilelikler Birleşen Ştatlary gurşap aldy.

Adamlar afrika asylly amerikanlaryň ýaragsyz halyna akýagyz polisiýa işgärleriniň elinden ölmegi bilen bagly soňky wakalara gahar-gazaplaryny bildirýärler.

Protestçiler 29-njy maýda ABŞ-nyň birnäçe şäherinde geçirilen demonstrasiýalarda köçeleri beklediler we “garaýagyzlaryň durmuş-ýaşaýyşlary wajyp” diýip gygyrdylar. Olar hepde başynda polisiýa ofiseriniň dyzy bilen boýnuna münüp saklamagyndan soň hassahanada ölen Jorj Floýd üçin adalat talap etdiler.

30-njy maýda irden, gaharly demonstrantlar Ak tamyň daşyna ýygnanyp, prezident Donald Trampa nälet okaýan mahaly Milli gwardiýanyň goşunlary Waşingtonda ätiýaçlykda goýuldy.

Ýüzlerçe adam golaýdaky parkda “adalat ýok, parahatçylyk ýok” we “garaýagyzlaryň durmuş-ýaşaýyşlary wajyp” diýip gygyrýan wagtynda, öten agşam Ak tam petiklendi. Bu çäre polisiýa bir adamy märekeden uzaklaşdyrjak bolanda, bidüzgünçilik ýüze çykandan soň görüldi.

Demonstrasiýalaryň köpüsi asuda bolsa-da, birnäçe demonstrasiýa zorluga ýazdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp biraz öň Floýdiň maşgalasy bilen gürleşdi we Adalat ministrliginden Floýdiň ölümi bilen baglanyşykly derňewi çaltlaşdyrmagy haýyş etdi.

Şeýle-de ol Floýd maşgalasynyň adalatly derňewlere bil baglamaga hukugyny we Minnesota ştatynyň ýaşaýjylarynyň howpsuz şertlerde ýaşamaga hakynyň bardygyny nygtady.

XS
SM
MD
LG